3-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça geçiriljek halkara ýaşlar forumynyň (LCOV-2023) işine gatnaşmak üçin ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek we taýýarlamak maksatly dabaraly duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy seljermeleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ylym dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär, şol bir wagtda-da şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullardyr innowasiýalary döretmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen duşuşyk hem hut şu maksada gönükdirilendir.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Gaýane Israelýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Narine Awakowa, şeýle-de beýleki guramalaryň we taslamalaryň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek we taýýarlamak maksady bilen geçirilen duşuşykda edilen çykyşlarda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreleriň amala aşyrylýandygy nygtaldy. Ýurdumyzyň bu ugurda gazananlary, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy hem çykyşlaryň özeninde ýer aldy.
Çäräniň çäginde hormatly myhmanlaryň, şeýle-de institutyň talyplarynyň, Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň we beýleki ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ekologiýany arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak, gözel tebigatymyza söýgini has-da ösdürmek maksady bilen döredijilik duşuşygy hem geçirildi.
Hemra DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy.