6-njy oktýabr — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar.
Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüňe bolan ynamyň, durmuşy söýmegiň netijesinde türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.
Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny dowam etdirmäge ýardam berýär. Ýadygärlikler toplumynyň öňünde ýertitremede gurban bolan aşgabatlylaryň hem-de söweşlerde wepat bolan esgerleriň hakydasyna ýatlama çäreleri geçirilýär.
Biz bu gün — pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň 74 ýyllygynda 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesdi, türkmen paýtagtyny weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar, ýitgileriň yzasy hiç haçan aýrylmaýar.
Eziz Watanymyz azatlyk, mähriban topragymyzda parahatçylygy üpjün etmek ugrunda şirin janlaryny gurban eden ogullaryny we gyzlaryny hemişe ýatda saklap, dünýäniň halklarydyr döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar. Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys, Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Maral DÖWLETOWA,
Hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hasapçysy.