Siziň üçin...Slider

Hytaýda «Aždarha» tansynyň 2000 ýaşy bar

04-10-2023 / 6

Tutýan çägi taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Hytaý köpmilletli ýurtdur. Söwdanyň, ylym-bilimiň gadymy ojagy bolan Hytaýda medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň ösüş depgini has hem ýokarydyr. Halkyň milli mirasyna içgin aralaşanyňda, diňe bir köşk tanslarynyň birnäçe görnüşlere bölünýändigine göz ýetirýärsiň.

Hytaýda «Aždarha» tansynyň 2000 ýaşy bar. Bu tans oýnalanda, oňa onlarça adam gatnaşyp, aždarhanyň gäbini herekete getirýärler. Bu tans milli baýramçylyklaryň bezegi bolup, her pasyla görä lybaslaryň reňki üýtgeýär. Aždarha tansynyň üsti bilen halk suwa bolan islegini, arzuwlaryny Beýik Biribara hereketler arkaly ýetiripdirler.

«Ýelpewaçly tansy» zenan maşgalalar ýerine ýetirýär. Ýeňiljek hereketler bilen howanyň ýüzünde gaýyp ýören tansçy näzik hereketleri bilen diňe bir özüne däl, eýsem, töweregine hem serginlik dileýär.

Tansçynyň şatlyk-begenjini beýan edýän «Lentaly tansy», «Saýawanly tansy» iň ökde zenan maşgalalar ýerine ýetirýärler. Ol baýlygy, bolçulygy alamatlandyrýar. «Gylyçly tansy» oýnaýan ýigitler bolsa, hytaý halkynyň batyrlygynyň, ýurduna wepalylygynyň, gorkmazaklygynyň taryhyny sözleýär. Mahlasy, tanslaryň üsti bilen halkyň geçmiş durmuşy we gadymy däp-dessurlary beýan edilýär.

Taýýarlan: Diýar ATAJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu