«Akitma» ady bilen hem bilinýän pankeklary ýakymly ýa-da süýji görnüşde taýýarlap bolýar. Ine, wanil pankeginiň taýýarlanyş usuly:
4 adam üçin wanil tagamly pankek üçin gerekli önümler:
2 sany ýumurtga;
2 bulgur süýt ýa-da öýde ýasalan gatyk;
2 käse un;
1 çaý çemçesi granulirlenen şeker;
1 sany hamyr tozany;
1 sany şeker wanilin;
2 çaý çemçesi wanil ekstrakty;
2 nahar çemçesi ýag;
Çuň garylan gapda ýumurtga we şeker köpüklenýänçä bulaň. Soňra garyndynyň içine süýt goşuň we täzeden bulaň. Gury maddalary ýuwaş-ýuwaşdan goşup, hamyry taýýarlamaga girişiň. Pankeklary bişirjek gapyňyza ýag guýup gyzdyryň. Taýýarlanan garyndyňyzy doly bişirip bolanyňyzdan soňra pankeklaryňyzy täze miweler bilen bezäp bilersiňiz!
Bägül BOZAGANOWA,
TOHI-niň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.