Ýaňy-ýakynda dünýä belli «Xiaomi» kompaniýasy bilen «Black Shark» akylly sagady alyjylara hödürledi. Bu barada «gagadget.com» saýty habar berýär.
«Black Shark» markasy dünýä bazary üçin hödürlenen «Black Shark S1» akylly sagady diňe gara reňkde bolmagyna garaşylaýar. ABŞ-da we Ýewropada nobatdaky sargyt üçin elýeterlidigini hem bellemelidiris. Maglumatlara görä, akylly sagat 466×466 piksel durulykda 1,43 dýuým tegelek AMOLED ekrany üpjün edilip, panelde 60 Hz täzeleniş tizligi we 600 nit ýagtylyga eýe. Demir çarçuwaly korpus bilen gelýän akylly sagat, IP68 reýtingi sebäpli suwa we tozana çydamly bolar. «Bluetooth» arkaly telefon jaňlaryna hem birikdirip bolar.
Enjam saglyga gönükdirilen dürli aýratynlyklary, şol sanda ýürek urşunyň monitoryny we gandaky kislorod mukdaryny ölçemegi öz içine alýar. Akylly sagatdaky batareýa adaty ulanylyş ýagdaýynda 10 güne çenli batareýanyň ömrüni üpjün edip bilýänligi bilen aýratyn tapawutlanýar.
«Black Shark S1»-iň bahasy 50 dollar bolar.
Maksat BABAMURADOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.