Her bir reňkiň öz manysy, häsiýeti bar, bu biziň durmuşymyza we özümizi alyp barşymyza has köp täsir edýär. Eýsem, reňkler biziň duýgularymyza nähili täsir edýärkä? Her reňk näme many berýärkä?
Reňkler biziň düşünjelerimizi, duýgularymyzy üýtgedip bilýär we hatda bizi tolgundyrmagy başarýarlar. Reňkiň kömegi bilen ynsan ýadyny, ünsüni gowulandyryp biler, käbir halatlarda, ikirjiňlenme ýüze çykanda belli bir karara gelmäge hem ýardam edip bilýär. Reňkleriň manylaryny bilmek bolsa adamyň özüni alyp barşyna düşünmegiň açarydyr.
Mele reňk şol bir wagtyň özünde rahat reňk hökmünde kabul edilýär, ýagny adamlaryň özlerini rahat alyp barmaklaryna täsir edýär. Mysal üçin, adamlary arkaýynlyk bilen gürletmegi başarýan meşhur alyp baryjy Larry Kingi telewizorda her gezek mele penjekli, mele boýunbagly görmek bolýar.
şol bir wagtyň özünde-de mele reňk topragyň reňkidir, bu reňki geýnen adam beýlekileriň ünsüni özüne çekip bilmeýär.
Gyzyl reňk işdäňi açýar. Üns berseňiz, dünýä belli iýmit firmalarynyň aglabasynyň at ýazgysy gyzyl reňkdedir. Muňa mysal hökmünde «Koka Kola», «Ülker», «Burger King» ýa-da şulara meňzeş ýüzlerçe firmalary görkezmek bolar. Gyzyl reňk gan basyşyny ýokarlandyryp, damarlarda ganyň aýlanyşygyny tizleşdirýär.
Ýaşyl reňk adama ynam berýär. Dynç alyş otagy üçin ýaşyl reňk rahatlandyryjy bolýar. Bu reňk täze pikirleri oýlap tapmaga ýardam edýär. Aşpezleriň oýlap tapyjylygyny güýçlendirmek üçin günbatar ýurtlarynda myhmanhanalaryň aşhanasynyň diwarlaryny ýaşyl reňke boýaýarlar. Hassahanalaryň içini bezemekde hem ýaşyl reňki ulanýarlar. Sebäbi ýaşyl reňkiň rahatlandyryjy häsiýeti bar, şol bir wagtyň özünde tebigaty iň köp ýatladýan ýaşyl reňkdir. Alymlar ýaşyl ýerlerde adamlarda aşgazan agyrysy has az bolýandygyny ýüze çykarypdyrlar.
Gara reňk güýji we hyjuwy aňladýar. Gara reňk köp ýurtlarda matamyň nyşany hökmünde ulanylsa, Ýaponiýada şatlygyň nyşany hökmünde ulanylýar.
Ünsüňi jemlemäge iň köp kömek edýän reňk gara reňkdir. Eýnşteýn ünsüni jemläp bilmek üçin tutulary gara reňkli, günüň ýagtysy düşmeýän otaga girip, pikir edýän eken.
Gök reňk gan basyşyny peseldýär. Onuň rahatlandyryjy, ýuwaşladyjy häsiýeti bar. Amerikada geçirilen bir tejribede mekdebiň ak we pyrtykal reňkdäki diwarlaryny gök reňke boýapdyrlar. Şondan soňra çagalaryň bezzatlygynyň azalandygyna göz ýetiripdirler. Gök reňk esasan hem goýy gök gutarnyksyzlygy, abraýy we öndümliligi ýatladýar. Şol sebäpden dünýädäki firmalaryň ýarysyndan gowragynyň atlarynyň ýazgysy gök reňkli bolýar.
Dildara ŞADYÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň biologiýa mugallymy.