
Google kompaniýasy öz eýeçiligindäki e-poçta hyzmaty bolan «Gmail» -de boljak üýtgeşme barada ulanyjylara habar berýär. Gmail-iň ýönekeýleşdirilen HTML režimi basym işlemegini bes eder.
Gmail-iň ýönekeý HTML wersiýasynyň brauzerleriň wersiýasy köne bolanda, şeýle hem internet birikmesi pes bolan ýagdaýynda hödürlenýändigini ýatladýar. Onda standart Gmail-iň käbir aýratynlyklary ýok, şol sanda söhbetdeşlik, dürs ýazuwy barlamak, gysga düwmeler, aragatnaşyklary goşmak we import etmek, iberijiniň salgysyny saýlamak hem-de formatirlemek.
«TürkmenGazet».