«Altyn globus» baýragy 2024-nji ýyldan başlap täze kategoriýalary bolan «iň gowy kinematografiki ýa-da boks-ofis üstünligini», şeýle-de «stand up-komediýada iň gowy çykyşy» boýunça her nominasiýada 8 sany dalaşgär bolar. Dalaşgärleriň her biri prokatda azyndan 150 million dollar ýygnamaly ýa-da striming hyzmatlarynda ýokary netijeleri görkezmeli bolarlar.
«Altyn globus – 2024» üçin dalaşgärleriň sanawy şu ýylyň 11-nji dekabryna çenli yglan ediler. Baýragyň gowşurylyş dabarasy bolsa 2024-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda geçiriler.
Kinematografiýa we Box Office üstünlik baýragy – soňky bir ýylda kassa ýygymynyň iň köp girdejisi bolan filmlere berler.
Telewizorda iň oňat çykyş – baýragy resmi distribýutory bolan garaşsyz komediýaçy alyp biler.
«Altyn globus» baýragy 1944-nji ýyldan bäri berilip, köpden bäri Oskardan soň ikinji abraýly baýrak hasaplanýar.
Gunça MEREDOWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.