Eýnşteýn ХХ asyryň beýik fizigi. Ol giňişlik we wagt barada täze taglymaty — ýörite görälik nazarýetini döretdi. Ilkinji bolup foton we kwantlar diýip at alan düşünjäni hem-de fotoelektrik hadysasyny ylma girizdi. Ol Germaniýanyň Ulme şäherinde 1879-nji ýylda gullukçynyň maşgalasynda dünýä inýär. 14 ýaşynda onuň maşgalasy Şweýsariýa göçüp gidýär. 1900-nji ýylda politehnikumy tamamlap, şol ýerde mugallym bolup on ýyl işleýär we köp ylmy işleri ýerine ýetirýär. Soňra Pragada uniwersitetde kafedra müdiri bolup işleýär. Ýene-de ony Germaniýa işe çagyrýarlar. Ol Berlin uniwersitetinde mugallym, soňra direktor bolup zähmet çekýär. 1921-nji ýylda fotoelektrik hadysasyny açany üçin oňa Nobel baýragy berilýär.
Geljekki alymyň çagalyk döwrüne dolanyp gelsek, Albert öz deň-duşlaryna garanyňda, has giç gepläp ugrapdyr. Mekdepde okaýan döwürleri sapaklaryna pes ýetişipdir. Ylgamakda, towusmakda, käbir oýunlary oýnamakda beýlekileriň yzlaryna eýerip bilmänsoň, oglanjyklar oňa «lellim» diýip at dakypdyrlar.
Mýunheniň gimnaziýasynda okaýarka, mugallymy ony ýerinden turzup: «Eýnşteýn, senden hiç wagt idili zat çykmaz» diýipdir. Sýurihdäki federal ýokary polotehniki uçilişşede fizikadan okadýan professor hem «Sende erk-de, jepakeşlik-de bar, arman zehin ýok» diýip, oňa bolan garaýşyny aýan edipdir. Beýik alym özüni hiç wagt hem beýlekilerden ýokarda goýmandyr.
Ol 26 ýaşyndaka bäş hepdäniň içinde görälik nazaryýetini (otnositellik teoriýasy) baradaky ilkinji ylmy işiniň parçalaryny ýazypdyr. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň azat Ispaniýanyň dostluk komitetiniň gaznasy üçin serişde toplaýarkalar Eýnşteýnden şol golýazmanyň puluny söweşijilere sowgat bermegi haýyş edýärler. Ol düşen puly ispaniýalylara bermek kararyna gelýär we 1944-nji ýylda Waşingtondaky kongresiň kitaphanasy 30 sahypalyk şol golýazmany 6 million dollara satyn alypdyr.
Günlerde bir gün Eýnşteýniň 9 ýaşly ogly ondan:
— Kaka, sen nädip şeýle meşhur bolup bildiň? — diýip sorapdyr.
Eýnşteýn oňa:
— Görýäňmi, haçan-da köp tomzak şaryň üst ýüzünden süýşende (süýrenende) ol özüniň geçen ýolunyň gyşarýandygyny bilmeýär. Maňa bolsa geçilen ýoluň şeýledigini görmek bagty miýesser etdi — diýip jogap beripdir.
Meşhur alymyň bu sözlerinde islendik bilimiň döremek özboluşlylygy şöhlelenýär. Ol täze bilim çeşmesiniň tejribe bolýandygyndan ybaratdyr.
Özüniň ýiti dili bilen dünýäde tanalýan Bernard Şou atly alym bilen tanşan mahaly:
— Siz sekiz, bary-ýogy sekiz adam! – diýýär.
Eýnşteýn aýdylan sözleriň manysyna düşünmändigini oňa aýan edýär. Bernard Şou barmaklaryny büküp, beýik alymlaryň atlaryny sanap başlaýar.
— Pifogor, Ptolemeý, Aristotel, Kopernik, Galileý, Kepler, Nýuton we Eýnşteýn.
Eýnşteýniň kärdeşleriniň biri professoryň öz öýünde işleýşini şeýle suratlandyrýar:
«Ol sag eli bilen hat ýazyp oturşyna çep eli bilen körpe ogly Eduardy saklaýardy. Hol, aňyrrakda oýnap oturan uly ogly Albertiň berýän soraglaryny-da jogapsyz galdyranokdy».
Alym ömürboýy pul diýlen zada parhsyz garapdyr. Rokfelleriň gaznasyndan 15 müň dollara çek berenlerine, ony kitaplaryň biriniň içine salypdyr we ulanmagy ýadyndan çykarypdyr. Teatra barmagy halamandyr. Köp okapdyr. Şekspire, Geýnä, Şillere, Tolstoýa sarpa goýupdyr. Dostoýewskiniň eserlerini gaýtalap-gaýtalap okap, ondan lezzet alýan ekeni. Meýdana çykyp, guşlaryň owazyny diňlemegi halapdyr.
Ondan: «Siziň kortotekaňyz barmy?» diýip soranlarynda maňlaýyny, «Siziň loboratoriýaňyz barmy?» diýip soranlarynda bolsa, awtoruçkasyny görkezipdir. Ol 1955-nji ýylda 76 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Alym hemişe ölümden gorkmaýandygyny nygtap: «Kagyzlarymy tertibe salar ýaly, maňa ölmezden ozal azajyk wagt berilse bolýar» diýip dileg edipdir.
Albert Eýnşteýn ýagty jahan bilen hoşlaşmaly pursat gelende, ýanynda oturanlara ýüzlenip, ýuwaşjadan: «Men öz etmeli işlerimi bitirdim» diýip pyşyrdapdyr.
Mähri ATAÝEWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.