Ýokarlygyna (belentlige) bökmek boýunça rekord 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 2,39 metr bökmegi başaran türgen Çarles Austine degişlidir.
***
2008-nji ýylda Pekinde geçen Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamakda rekordy 9,69 sekunt wagt bilen görkezen ýamaýkaly türgen Usain Bolt täzeledi. Şonda Bolduň tizligi sagatda 37 km barabar boldy.
***
Olimpiýa rekordsmeni: 10000 metr aralyga ylgamakda rekordy efiopiýaly ýüwrük Kenenisa Bekele täzeledi. Ol 2008-nji ýylda geçen Olimpiýa oýunlarynda bellenen aralygy 27:01.17 (27 minut 1 bitin ýüzde 17 sekunt) wagtda geçmegi başardy. Bekeläniň tizligi ortaça sagatda 20 km deňdir.
***
Geçirilýän sport duşuşyklarynyň, ýaryşlaryň netijeleriniň janköýerlere, hatda tutuş halk köpçüligine-de güýçli täsir edýän halatlary az bolmaýar. 1998-nji ýylda dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentina bilen Angliýanyň toparlarynyň arasynda bolan duşuşygyň netijesi on bir metrlik jerime urgularyna bagly bolup galdy. Iňlisleriň topary «gyzyl petek» alan Dewid Bekhamsyz galypdy, netijede-de argentinlerden utuldylar. Bu ýakymsyz netije şol gün we şondan soňky ençeme günüň dowamynda Angliýada ýürek agyry zerarly hassahana düşýänleriň sanynyň 25 göterim artmagyna getirdi.
***
Dünýäde iň köp gazanç eden türgen golfçy Tiger Wudsdur. Ol ýylda 78 million ABŞ dollary, ýagny her sekuntda 148 dollar gazanç edýär.
***
Futbolyň taryhynda ilkinji milli toparlaryň duşuşygy 1872-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bolýar. Şol gün Angliýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary duşuşýarlar. Oýun 0:0 hasap bilen tamamlanýar.
***
Uzak aralyga bökmek boýunça rekord 1968-nji ýylda Meksikada geçen Olimpiýa oýunlarynda täzelendi. Amerikaly atlet Bob Bimon 9 metr uzaga böküp dünýä rekordynyň eýesi boldy.
Atajan HAÝYTMYRADOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.