Habarlar

VIII Hazar mediaforumy geçirildi

30-09-2023 / 4

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde VIII Hazar mediaforumy geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Astrahan oblastynyň gubernatorynyň administrasiýasynyň guramagynda ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik çäresine Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Foruma synçy hökmünde Belarusdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Hindistandan (wideoaragatnaşyk arkaly) hem bilermenleriň gatnaşmaklary bolsa onuň sebitiň daşynda-da uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň, RF-niň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar hem-de Daşary işler ministrlikleriniň goldamagynda guralan nobatdaky mediaforum «Jemgyýetçilik diplomatiýasy we sosial media halklary ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde» mowzugyna bagyşlandy. Çärä gatnaşan tejribeli žurnalistlerdir ýaş hünärmenler bu meýdançanyň çäginde maglumat hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de birek-birek bilen gyzyklanma bildirilýän göni dialogy ýola goýmaga mümkinçilik aldylar. Forumyň plenar mejlisinde çykyş eden wekiller jemgyýetiň durmuşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Bölümçeleriň üçüsinde bolsa media sowatlylyk bilen bagly möhüm meselä üns çekildi. Pikir alyşma meýdançalarynyň biriniň Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine bagyşlanmagy, öz gezeginde, forumyň gün tertibine girizilýän meseleleriň çäginiň barha giňeýändigini görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, Hazar mediaforumynyň çäklerinde Hazarýaka sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin bitewi maglumat giňişligini kemala getirmek, onda bu sebite mahsus mowzuklaryň şöhlelendirilişini işjeňleşdirmek, goňşy ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky meseleler boýunça jemgyýetçilik dialogyna ýardam bermek maksady bilen, indi 10 ýyldan bäri žurnalistleriň arasynda «Serhetsiz Hazar» atly bäsleşik yglan edilýär. Bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolsa forumyň jemleýji hem aýgytlaýjy pursady hasaplanýar. Däp bolşy ýaly, «FotoHazar», «Adam we deňiz», «Hazarýaka ýurtlar bilen tanşyp», «Hazar — sagdynlygyň mekany», «Täzeçe garaýyş» ýaly 5 ugur boýunça geçirilýän halkara bäsleşige şu ýyl Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan žurnalistler eserleriň 160-dan gowragyny hödürlediler. Şolarda, esasan, Hazarýaka ýurtlaryň syýahatçylyk mümkinçiliklerine, medeniýetine we gözel ýerlerine bagyşlanan žurnalistik eserler agdyklyk edýär.

Dostlukly döwletleriň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde iş alyp barýan žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilýän «Serhetsiz Hazar» atly bäsleşikde gazetimiziň ýaş işgärleriniň ýeňiji bolmaklary bolsa türkmen ýaşlarynyň döredijilikli zähmetiniň giň köpçülik tarapyndan ykrar edilmeginde, ýurdumyzyň media serişdelerine, şol sanda internet neşirlerine bolan gyzyklanmalary artdyrmakda, hormatly Prezidentimiziň umumyhazar gün tertibi boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny sebitiň media giňişliginde has-da ilerletmekde ajaýyp mümkinçilikdir.

Begmuhammet NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu