Habarlar

Berlinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi

30-09-2023 / 4

Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär. 29-njy sentýabrda GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirilip, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýetlidir.

Nobatdaky Türkmen-german işewürlik maslahatynyň esasy maksady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada aýdyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň döwletara dialogyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunda bilelikdäki Türkmen-german iş toparynyň işine we şeýle çärelere wajyp orun degişlidir.

Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň giň düzümi GFR tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, german kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigi bellenildi. Olar indi ençeme ýyllardan bäri dürli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Siemens”, “Daimler”, “СLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu gezekki foruma hem uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim hökmünde garalýar.

Şöhrat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu