Her ýyl ýurdumyzda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni halkymyzyň, şol sanda ýaşulularyň kalbynda eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Ýaşulularyň halkara güni agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýär.
Kalplary watansöýüjilik ruhundan, mähir-muhabbetden doly türkmen ýaşululary Berkarar döwletiň täze eççamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýarlar. Halkymyz ýaşululygy miweli ömrüň dowamy, sylag-hormatyň çeşmesi, pähim-paýhasyň genji-hazynasy, parasatlylygyň ajap nusgasy hasaplaýar.
Halkymyzda her bir işi ýaşululara sala salmakdan başlamak döwletlilik hasaplanýar. Halkymyzyň guwanyp, ýüze sylmaly döwletli-döwrany bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyz elýetmez eşretleriň eýesi bolup, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Halkymyzyň köpasyrlyk asylly däp-dessurlaryna çäksiz hormat goýulmagy geçmişimize buýsanjyňy, ýagty geljegimize ynamyňy pugtalandyrýar. Berkarar döwletimiziň at-owazasyny dünýä ýaýýar.
Ýaşululyk – munuň özi ýagşy işlere geňeşçi bolmak, dürli meseleleri paýhas bilen ýeňip geçmek, agzybirligi ündemek, dogry ýoly salgy bermekdir. Munuň üçin bolsa il içinde abraýyň uly, hormatyň zyýada bolmaly. Şeýle abraý hem hormat uzak ýyllaryň içinde çeken halal zähmetiň, lebzihalallygyň, adamkarçiligiň bilen gazanylýar. Şol sebäpden hem ýaşlara ýagşy görelde, il içinde her bir sözi gyzyla gaplanýan, akyl-paýhasyň genji-hazynasy hasaplanýan türkmen ýaşulusynyň mertebesi belentde saklanýar.
1-nji oktýabrda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni ýokary ruhubelentlige beslenýär. Munuň özi Gahryman Prezidentimiziň ýaşululara goýýan belent sarpasynyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň her bir döwletli başlangyçlarda il sylagly ýaşulular bilen duşuşyp, mähirli hal-ahwal soraşmagy döwletlilikden nyşandyr.
Ahunjan BABAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn-tehniki fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.