Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna hem-de akyldar şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan iş Meýilnamasyna laýyklykda “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasy” taýýarlanylýar. Akyldar şahyrymyzyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylýan bu ensiklopediýa taryhda ilkinji gezek amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň üç ýüz ýyla golaý wagt bäri gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen öz halkynyň adyny dünýä ýaýan beýik akyldar şahyryň umman ýaly giň many-mazmuna eýe bolan edebi mirasy hakdaky maglumatlary özünde jemleýän «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny» sanly we neşir görnüşde taýýarlamak esasy öňde goýlan wezipeleriň biridir. Ensiklopediýa şahyryň edebi mirasy, ýaşan döwrüniň syýasy-durmuş ýagdaýy, esaslandyran edebi-döredijilik mekdebi, türkmen diliniň, edebiýatynyň kämilleşmegindäki orny diýen ýaly otuza golaý bölümi öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynda Magtymguly Pyraga goýýan beýik hormaty bilen açylýan ensiklopediýanyň esasy düzümini akyldar şahyryň eserleriniň golýazmalary, käbir goşgularyna berlen düşündirişler, şahyryň döredijiliginiň türkmen dili we edebiýaty nukdaýnazaryndan öwrenilişi babatyndaky maglumatlar düzýär. Şeýle hem onda Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň meşhur wekilleriniň döredijiliginden täsirlenişi, akyldar şahyryň edebi-döredijilik mekdebi, dini-ahlak garaýyşlary, okan medreseleri hem-de syýahat eden ýerleri baradaky maglumatlara giňden orun berilýär.
Magtymguly Pyragy diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, daşary ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiliginde döredijiligine ylmy nukdaýnazardan seljerme bermek maksady bilen ýüzlenilen beýik söz ussatlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, bu ensiklopediýa Pyragynyň edebi mirasyny öwreniji rus, iňlis, pars, türk, özbek, täjik, azerbaýjan, gyrgyz, gazak, tatar, garagalpak alymlarynyň alyp baran ylmy-barlag işleri hem-de öwreniji alymlar hakdaky maglumatlary hem öz içine alýar.
Maksat HOJIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.