Çaluw mäşewe bişirilende undan taýýarlanylýar. Azrak uny gazana salyp, gyzgylt reňke öwrülýänçä gowurmaly. Reňki gyzarandan soň, az-azdan suw guýup, emele gelen çaluwy mäşi ýarylan gazana guýup, garyşdyrmaly.
Possuk hamyrmaýasyz, ýumşagrak taýýarlanýar. Hamyr biraz demini alandan soň ony zuwalalara bölmeli we eliňde geregiçe ýukalamaly. Öňler durmuşa çykan gyzy öýüne çelpekli getiripdirler. Milli däp-dessura görä, getirilen çelpege derek yzyna possuk ýa-da gatlama salypdyrlar. Possuk – munuň özi ,,ýumşak, mymyk” diýen manyny berýär.
Garagurt – gatygyň suwuna buýan köki salnyp, uzak wagtlap gaýnadylmagy netijesinde alynýan önüm.
Tötek – mekgejöwen unundan edilen çörek.
Gurdawa – bu emele gelen gurt çalydyr. Bu iýmiti taýýarlamak üçin guradylan gurduň daşyny ilki ýuwmaly, soňra ony arassa ýyly suwda owmaly.
Guýmak – bugdaý uny bilen sary ýagdan taýýarlanylýan tagam. Oňa başgaça „bäbek guýmagy“ hem diýilýär.
Galkma börek – gawun çigidi bilen sary ýagdan taýýarlanylýan önüm. Ol Orta Aziýanyň beýleki halklarynda duş gelmeýän ýeke-täk tagamdyr.
Kürmüze taýýarlamak üçin 3-4 sany ownuk malyň süýdi gerek bolupdyr. Süýdi süzüp, meşige guýup, düýäniň howudyndan ýa-da eşegiň gaňňasyndan asypdyrlar. Oňa gönezlik hem atylypdyr. Düýedir eşegiň beýikli-pesli ýerlerden geçmegi bilen, aýran emele gelipdir. Şoňa hem “kürmüze”diýipdirler.
Sykmany jöwen unundan taýýarlapdyrlar. Jöwen ununy okara guýup, duz atyp, gyzgyn suw guýup, agaç çemçe bilen garypdyrlar. Hamyr gaty ýugrulmandyr. Çorbanyň eti bişensoň, demine goýlan hamyry togalajyk böleklere bölüpdirler. Togalanan hamyry penjesine gysyp, suwa batyryp, hamyrly elini gaýnap duran çorbanyň üstüne tutup gysypdyrlar. Şeýlelikde, ol barmaklaryň arasyndan çykan gysga unaş bölejikleri esasynda taýýarlanypdyr.
Maksuda MUHAMMEDOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.