Suw çykaryjy desganyň nähili, haçan we nirede döredilendigi gyzyklydyr. Suw çykaryjy desga, esasan-da, Artykly türkmen döwleti döwründe has köp döredilipdir.
Desganyň ýüze çykmagyny öwrenmegiň esasy sebäpleriniň biri häzirki döwürde işleýän suw desgalarynyň taryhyny öwrenmekden ybarat bolup durýar. Artyklylar döwletiniň döwründe medeniýete, ylma uly üns berlipdir. Artykly döwletiniň hökümdarlary ylma, kitaba köňül beren adamlaryň baky galjagy hakyndaky pikire berk ynanypdyrlar. Şonuň üçin hem olar öz döwrüniň alymlaryna uly hormat goýupdyrlar. Artykly hökümdarlary „Akyldarlary, alymlary, bilimli, paýhasly adamlary bar bolan döwlet beýgelýändir“ diýipdirler. Öz döwletiniň çäginde iş alyp barýan alymlary, danalary bir ýere ýygnap, olardan birnäçe täze açyşlara garaşypdyrlar. Muňa dünýä ähmiýetli beýik açyş hökmünde Artyklylar begliginiň alymlarynyň döreden suw çykaryjy desgasynyň mysalynda aýdyň göz ýetirip bolýar. Suw çykaryjy desga Artykly döwletiniň döwründe döredilen iň möhüm hem-de taryhy desgalaryň biridir.
Jezeri suw çykaryjy desgasyny döretmeginiň esasy sebäbi, bu onuň täze innowasion tehnologiýalar bilen gyzyklanandygy bilen çuňňur baglanyşyklydyr. ХIII asyryň ahyrlarynda suw çykaryjy desganyň üstünde Jezeri birnäçe işler alyp barýar we täze özgertmeleri girizýär. Munuň şeýledigine desganyň esasy hereketlendirijisi bolup durýan çarhlaryň mysalynda görüp bileris. Aýratyn-da, desga öz-özüni herekete getirýändigi bilen täsindir. Çarhlaryň döredilmegi, olaryň işleýiş aýratynlyklary uly ähmiýete eýedir. Jezeri suw çykaryjy desgany döredende, birnäçe fiziki-matematiki usullardan peýdalanypdyr. Şeýlelikde, ol ilkinji bolup suw çykaryjy desgany ýasapdyr.
Artykly döwleti döwründe döredilen suw çykaryjy desga ylymda iň uly açyşlaryň biri hasaplanýar. Çünki bu desganyň oýlap tapylmagy bilen ylymda birnäçe täze usullar synagdan geçirilip, olaryň ählisi diýen ýaly häzirki wagtda tehnologiýa we mehanika ulgamynda giňden ulanylýar. Bu açyş diňe bir türkmenler üçin däl-de, eýsem dünýä derejesinde hem uly bir açyş hasaplanylýar.
Nurana POLATOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.