Göwün küýsegiSlider

Ynam – ömrüň şamçyragy

29-09-2023 / 43

Durmuş  nähili  owadan!  Munda  käte  asla  garaşmaýan,  göýä ertekilere  çalymdaş  hyýallaryň  hem  hasyl  bolaýýar.  Şeýle  günlerde  adam özüni juda bagtly  duýýar,  şol  bagtly  günleriň  uzak we  hemişelik  dowam  etmegini isleýär. Ýöne biz  käte  bagtly  durmuşy  salgy  berýän zadyň nämedigin unudyp, göwnüçökgünlige orun berýäris. Ine  şu  waka  “Azapsyz ýeriň ady ýok”  diýen  jümläniň  doly  şaýady bolsa gerek.

…Ol  wagtlar  men  çagalar  bagyna  gatnaýardym.  Bize  terbiýeçiler goşgulary,   aýdymlary,  ýönekeýje  matematik  amallary  öwredýärdiler. Bir gezek maňa  terbiýeçimiz  baýramçylykda  aýtmaly  goşgymy  ýazyp  berdi. Ol  goşgyny  ertir  labyz  bilen  ýerine  ýetirmelidi.  Sebäbi  biziň çagalar  bagymyz  bilen hoşlaşmaly  günümizde  aýdym-sazly  baýramçylyk  dabarasy  guralypdy.  Terbiýeçi: “Özüne  ynanylan  işi haýsyňyz  üstünlikli  ýerine  ýetirseňiz, ýörite  baýramçylyk  sowgatlary  gowşuryljakdyr.  Hany, göreli,  kimler  sowgat  alarka?!” diýip,  hemmämizde  höwes  döretdi.  Çaga  wagtyň  sowgat  almaly  diýilse,  hemmeler  gözjagazlaryny  tegeläp,  sowgadyň  özüniňki bolmagyny isleýändigi  düşnükli  bolsa  gerek.

Agşam  ejemjan  meni  çagalar  bagyndan öýe  alyp  gaýtdy.  Men  bolsa  ýatlamaly  goşgumy  öwretmegi  ejemden  haýyş  etdim.  Sebäbi  özüm  bu  jogapkärçilikli  işi  başarjak  däldim. “Durnaň  üstüne  urna”  diýlişi  ýaly  öýümize  daýzam  geldi.  Ejemiň  gyz  jigisi  şäherde,  bizden  uzakda  ýaşansoň,  ol  öýümiziň  iň  arzyly  myhmanydy.  Ejem  daýzam  bilen  uzak gije  gürrüňdeş  bolup  oturşyna,  maňa  öwretmeli  goşgyny  hem  ýadyndan  çykardy.  Ýok,  ýadyndan çykarmady, nahar-şor,  soňam  çagalyk  döwrüniň  ýatlamalary  bilen  goşgyny  öwretmäge  wagty  bolmady.  Men  garaşyp,  garaşyp  gijäniň  bir  wagtynda  uklap  galdym.

Ine, daň  säher  şapak  gyzardy.  Guşlaryň  sesi,  horazlaryň  aýdymy  ýaňlanyp  ugrady.  Böküp  diýen  ýaly  ýerimden  turup,  ejemiň  ýanyna  bardym.  Ejem  bolsa  ertirlik  taýýarlamak  bilen  başagaýdy.  Men  aglamjyrap: “Eje!..”  diýenimden,  “Wah  saňa döneýin  balam!  Hany, öwreneli, getir  goşgyňy”  diýdi.  Goşgy!  Beýik  goşgy. Maňa  köp  zady  öwreden  goşgy.  Çagalar  bagyna  gitjek  däldigimi  aýdyp,  aglap  başladym,  sebäbi  men  goşgyny  az  wagtyň  içinde  ýatlap  biljek  däldim.  Ejem meni  bagryna  basdy.

“Gyzym!  Meni  diňle…”  men  sesime  has-da  bat  berip  agladym.  Ejem  düşündirip  bilmejegine  gözi  ýetensoň,  goňşy  otaga  gitdi-de,  eline  iki  sany  dört  eplenen  meňzeş  kagyz  bölegini  getirdi.  Soňra  şeýle  diýdi: “Ine,  seret!  Meňzeş  kagyz  bölekleri.  Ynha,  birini açyp  görkezeýin,  munda  günüň  suraty  bar.  Beýlekide  aýyň  suraty  bar.  Sen  häzir  gözüňi  ýumýaň-da  şularyň  birini  saýlaýaň. Eger  seniň  saýlan  kagyzyňda  günüň  suraty  bolsa,  onda sen  hökman  goşgyny  aýdyp,  sowgat  alarsyň.  Eger  saýlan  kagyzyňda  aýyň  suraty  bolsa,  onda çagalar  bagyna gitmeseňem  bolar.  Seret!  Gaty  ünslüje  bol!”  diýdi-de, kagyz  bölejikleriniň  ýerini  çalasynlyk  bilen  çalşyrdy.  Men gözlerimi ýumdum-da, ejemiň  sag  elindäki  kagyz  bölejiginini  aldym. Alsamam  aldym  welin,  ýüregim agzymdan  çykjak  bolýardy.  Birdenkä, kagyzda aýyň  suraty  bolsa  näme?!  Kagyzy  açdym,  ine,  günüň  suraty.  Meniň begenşimi  bir  görsediňiz.  Ejem: “Gyzjagazym,  gördüňmi?  Sen  muny  başararsyň!  Hany  işe  girişeli…” diýdi.  Goşgyny  ejem okaýa,  yzyndan  men  gaýtalaýan,  ejem  okaýa, men gaýtalaýan, gaýtalaýan, gaýtalaýan…

Älemiň  soltany,  zeminiň  şasy,
Enelere ömür  diläň  adamlar!
Uzak  bolsun  ýaşy,  belentde  başy,
Enelere  bagt  diläň  adamlar!

Sebäp  günüň  çogy  enäň  keşbinde,
Sebäp  dünýäň  keşgi  enäň  egninde,
Azdyr  eneleri  görseň  her  günde,
Enelere  bagt  diläň  adamlar!

Bary-ýogy bäş  gezek  gaýtalanan  goşgy,  nädip  ýadymda  galsyn  diýsene.  Ejemiň  aýdan  sözleri  maňa  güýç  berdi.  Sebäbi  ejemjanyň  sözlerine  çyn  ýürekden  ynanypdym. Meniň  alan  kagyz  bölegimde  günüň  suraty  bardy.

Ine,  çagalar  bagy.  Baýramçylyga  taýýarlykly  sowgat  almakçy  bolýan  körpejeler  şadyýandy.  Men has  beter  ruhubelentdim. Sebäbi men  hökman  sowgat  almalydym.  Günüň  suraty…  Men  asmana  seretdim.  Gün  şöhlesi  gözüme  düşdi.  Ynamym  güýçlidi.  Baýramçylyk  dabaramyz  başlandy.  Men  goşgymy  aýtdym,  goşgyň  sözleri  öz-özünden  dilime  geldi  durdy.

Sowgatlar  barada  aýdylanda,  çagalar  bagynyň hemmejesi  şol  sowgatlaryň  eýesi  boldy.  Sowgat  alman   galan  ýekeje  körpeje-de  ýokdy.  Aslynda,  terbiýeçimiziň  sözleri  bizi  höweslendirmek  üçin  aýdylan  ekeni.  Şol  gün  öýe  guş  bolup  geldim.  Keýpim  kökdi.  Ejemiň  begenşini  söz  bilen  aýdyp  biljek  däldim.  Bagtly  çagalyk.  Şol  çagalygyň  öz kiçijik  aladasyny  ejemjan söz  bilen  aýyrýan ekend-ä…  Ine,  bu  gün  ejem  ýok,  sözleri  bolsa  henizem  gulagymda  ýaňlanyp  dur:  “Balam!  Ynam  hemme  zatdan  güýçlüdir”.

Ynam – ömrüň  şamçyragy,  bagtyň  görkezijisi.  Ynsanlarda  ynamy  döredip  bilýän  bolsak,  ömrümizi  nurlandyrýarys. Özümizde  ynamy  döredip bilsek,  durmuşymyzy  gözelleşdirýäris.  Ynam –  durmuş  aty  bilen  pellehana  ýetmegiň  beýik  ýoly. Ynam – ömrüň  parçasy.  Biz  bu  gün  ynam  bilen  bagtly  geljege  barýarys.

Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu