Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar, dünýä edebiýatynyň ägirdi, külli adamzat üçin hiç wagt könelmejek şygyrlary miras galdyran Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik dünýäsi asyrlar aýlanyp, ýyllar geçdigiçe ähmiýeti barha belende galýar. Magtymguly Pyragy — külli türkmeniň şahyry, külli älemiň şahyry. Beýik akyldar şygyrlarynda ynsanlara mukaddes topragy söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, ýagşy gylyk-häsiýetleri, dünýä akyl ýetirmägi, halal zähmet çekmegi, belent ahlaklylygy, mertligi, dostlugy, halallygy ündeýär.
Halkymyzyň arasynda beýik şahyr hakynda ýüzlerçe, müňlerçe halk rowaýatlary döräpdir. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, şahyryň Lebap topragyna gelişi, bu ýerlerde okap bilim alan wagtyndaky rowaýatlar juda köp. Dürli ýyllarda akyldar hakynda rowaýatlary belli alymlar filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Mäti Kösäýew, filologiýa ylymlarynyň doktory Amanmyrat Baýmyradow, Annadurdy Eýeberdiýew ýaly alymlar halkymyzyň arasynda bolup ýygnap kitap görnüşinde dürli ýyllarda okyjylara ýetirdiler.
Halk içi giden hazyna. Etrabymyzyň Azady obasynyň ýaşaýjysy, 1941 — 1945-nji uruş ýyllarynyň mekdep mugallymy, zähmet weterany, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, 100 ýaşy arka atan Şeker Mämmedowadan eşiden rowaýatlarym biparh goýmady. Şeker enede Magtymguly Pyragynyň 1926-njy ýylda çap edilen kitaby bardy. Iň täsirli ýeri-de, beýik akyldaryň Idris baba medresesinde okan wagtyndaky gyzykly rowaýatlardy.
Şahyr ogul
Beýik akyldar Magtymguly Pyragy Idris baba medresesinde okuwa geleninde köp adamlar bilen dostlaşypdyr. Olaryň arasynda Polat atly adam bilen dostlugy jebisleşipdir. Günleriň bir güni Jeýhunyň kenarlarynda gezelenç edip ýören çagy Pyragy şeýle bir şygyrlary okaýar welin, Polat ör-görkden gelýär:
— Eý Hudaýym, bu ne gudrat, sen bir giden hazyna Magtymguly. Seniň goşgularyň gurbany men! Şu wagta çenli köp diwanlar okadym welin, entäkler beýle goşgulary eşiden däldirin, Magtymguly — diýipdir.
— Polat bular meniň ýüregime ylahydan öz-özi gelýär, gelýän zady içime salyp bilemok, sesli daşyma çykarýan — diýipdir Magtymguly. — Polat, gamlanma, seniň bir ogluň bolar, şeýle bir goşgular döreder, men muňa ynanýan.
Günler geçip, aýlar aýlanýar, ýyl geçýär. Polat ogly Abdyrahym uly iliň şahyry bolup ýetişýär. Ol özüne Zynhary lakamyny alýar.
Sejedäki kitap
Bir gün Magtymguly dosty Poladyň öýünde myhmançylykda bolýar. Ikisiniň sözi alyşýar. Magtymguly Poladyň öýündäki kitaplary görüp haýranlar galyp: «Sende dünýä baýlygy bar eken-ä» diýýär.
— Bu kitaplary okara ne wagt bar, ne-de pursat, kiçikäk molla gatnap okamagy-da, ýazmagy-da öwrendim, ýöne meniňki demir ussaçylygy-da, Magtymguly. «Zer gadyryn zergär biler» diýlişi ýaly, Magtymguly, men saňa kiçijek bir syry açaýyn. Meniň parasatly, paýhasly bir ussat halypam bardy. Hywada, Buharada oglan okadýarmyş. Ine, şol bir gezek gelende sejede bir kitap goýdy, ýöne kitaby hiç kim elini degirmesin. Diňe ýedi ädim bärsinden seredende okamaga mynasyp bolsa kitabyň özi açylar-da, bir yşarat görkezer diýdi. Şol kitaby senem bir görseň…
Otagyň gapysy açylyp-açylmnka, Poladyň ýüzi duw ak bolýar. Içeri girýärler welin, şemal ýok ýerinde hamala «Al, meni oka» diýýän ýaly kitabyň sahaplary şeýle bir ses edýärmiş.
— Ine, munuň hak eýesi sen bolmaly, Magtymguly — diýip, Polat kitaby sejeden aljak bolsa kitap sejeden aýrylanokmyş. — Bäh, bu ne bir gudrat, Magtymguly, özüň almasaň bize başardmaýar.
Özüni öwen ýigidiň tanapy çüýrük
Ýazyň hoşroý säherinde Magtymguly bilen Polat Buhara gidýän ýoluň ugrunda gidip barýarkalar, bulara üst-başy tertipli ýigdekçe ylgap çykýar-da, olardan hal-ahwal soraşyp, şeýle bir öwünmek-öwünýär. «Meniň atam Buhar bazarynda belli bakgal, abam hem şol ýerde han köşgünde» diýip, öwnüp-öwnüp özüni hanyň adamsy edip görkezýär. Ýol geçip Buhara golaýlanlarynda olaryň öňünden hanyň adamlary çykýar. Ýaňky ýigdekçe hiç ýerde yok diýýär.
Magtymguly ýanyndaky ýoldaşlaryna seredip şeýle diýýär:
Ozal akan ýerinden akarmyş aryk,
Özün öwen ýigidiň tanapy çüýrük,
Mertden aşna tutsaň, abraýyňa şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.
Taýýarlan: Jennet HEMMIÝEWA,
Ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Halaç etrap Geňeşiniň hasapçysy.