Gadym wagtlarda bir obada kerpiç örüji ussa ýaşaýarmyş. Onuň galdyran ymaratlaryny bir ýola synlan üşükli kişi, gözi kaklyşandan «Bu jaý pylan ussaň elinden çykan bolmaly» diýip, ýalňyşman kesgitleýär eken. Bu ussa şägirt bolup, hünär öwrenmäge höwesekler gaty köp bolanmyşyn diýýär. Hatda alys ýoldan gatnamak kyn bolýar diýip, olaryň ussanyň ýaşaýan obasyna göçüp gelenleri-de bolanmyşyn.
Zehinli kişileriň aglabasyna mahsus bolşy ýaly, bu ussa-da bir töwra häsiýetli eken. Ol işe gijä galyp gelseň, şol bir manydaky soragy üç gezekden köp gaýtalasaň halamandyr. Ussanyň bu häsiýeti erjelligi pes, saly gowşak şägirtleriň käbirlerine ýaramandyr. Hatda olaryň içinde başga halypa gol ýapyp, gidenleri-de bolupdyr.
Kakasynyň pikirine eýerip, bu ussadan tälim alýan ýigitleriň biri her gün agşamlyk işden dolanyp, nägile halda hüňürdeýärmişin.
— Kaka, salgy beren ussaň bolşuna çydar ýaly däl. Jynly ýalylaý, ol. Şu sapar-a ýylgyrsa gerek diýip, oglanlar bilen dilleşip, eşiden gürrüňlerimizi aýdyp berýäs weli, göwni bir ýaly. Gaýta, bedredäki laýy dessine boşadyp, öňküsinden çalt işleýär. Men-ä başga bir ussa şägirt duraýsam diýýän, käte-käte.
Kakasy oglunyň sözüni diňläp, her sapar şol bir sözüni gaýtalaýarmyşyn.
— Oglum, kyn işiň bähbit diýlen zat bilen çörňeşýänini durmuş görkeze-görkeze gelýär.
Şu halypaň derejesindäki başga bir ussa häli-häzir-ä ýok. Şu gürrüňden soň hepde geçipdir, aý geçipdir. Bir gün ýigit keýpiçag halda öýüne dolanypdyr.
— Kaka, şu gün ussanyň ýanyna alysdaky obalaryň birinden täze ymarat galdyrmak isleýän adam geldi. Ussa ony meniň ýanyma getirip tanyşdyrdy. Soňundanam: «Siziň jaýyňyzy şu oglan salyp berer! Özü-de mendenem has çalt, has owadan edip salar. Sebäbi bu häzire çenli ýetişdiren şägirtlerimiň iň zehinlisi, iň ussady, iň ynsaplysy» diýdi. «Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar» diýenlerine indi düşündim — diýip, ýigit begenjini gizlejegem bolmandyr.
Terjime eden: Leýli AGAJANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Agronomçylyk hünäriniň talyby.