Kebelek öz gülüni küýsär, bilbil ─ öz aýdymyny.
Gury sözden garnyň doýmaz.
Gaçgaga sylag bolmaz, gorkaga ─ hormat.
Dilini dişlän ─ başyny aman saklar.
Işden gorkma, igençden gork.
Köp söz düýä-de ýük.
Birleşen güýç dagy talhan eder.
Duşmanyň sowgadyndan gork.
Ýaramaza araba ýoly bozar, ýaman adam ─ öýi.
Akyl hem terbiýe ─ ekiz doganlar.
Tawus perine guwanýar, aýagyna seredip aglaýar.
Ýandakdan atyr çykmaz, gorkakdan ─ batyr.
Düýäni ýel göterse, geçini asmandan gözle.
Gahar ─ duşman, akyl ─ dost.
Owadan sözde hakykat az bolar.
Öwünjeňiň öýüne barma, gopbamyň ─ toýuna.
Duşman janyňy alsyn, syryňy almasyn.
Şir balasy şir bolar.
Doganlar agzybir bolsa at köp bolar, uýalar agzybir bolsa ─ owkat.
Taýýarlan: Täzegül HOJAÝEWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.