Meşhur zenan aýdymçy Taýlor Swift «Spotify» -da bir aýda 100 million diňleýji ýygnamak bilen täze rekord goýmagy başardy diýip, «rbc.ru» saýty habar berýär.
Diňleýjileriň sanynyň artmagy gaýtadan ýazylan we şu ýylyň 7-nji iýulynda çykan «Speak Now» albomy hem-de onuň «Ears Tour» aýdym-saz syýahatynyň uly üstünligi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Swift kärdeşi Maýli Saýrusyň rekordyny täzelemegi başardy. Saýrusyň «Flowers» atly aýdymy mart aýynda «Spotify» -da 81 mln diňleýji ýygnamagy başarypdy.
Erkek aýdymçylaryň arasynda bolsa bu rekordy şu ýylyň martynda 101,3 mln diňleýji ýygnan kanadaly aýdymçy The Weekend saklaýar.
Maksat ÖRÄÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.