Dünýä belli meşhur fizik alym Albert Eýnşteýniň degişlilik teoriýasy baradaky golýazmasy auksiona çykaryldy. Bu barada «news.rambler.ru» saýty habar berýär.
Maglumatlara görä, bu täsin nusga 12 bapdan ybarat bolup, ol alymyň «The New York Times» gazeti üçin taýýarlan makalasynyň garalamasydyr. Onda alym sada we düşnükli dilde aýratyn we umumy degişlilik teoriýalarynyň düýp manysyny düşündirmek üçin ony nemes dilinde ýazypdyr. Şanhaýdaky auksion öýünde satuwa çykarylan golýazmanyň bahasy takmynan 7 – 10 million ýuan bolar.
Aýbek MATNÝAZOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.