SliderŽurnalistiň sahypasy

Buýsançly köňlüň joşguny

Ýürek sözi

26-09-2023 / 25

Ynsan ömri gözel günler, ýakymly ýyllar bilen bezelýär. Şu ýyllar, şu günler hem biziň ömrümize aýratyn öwüşgin çaýýan ajaýyp wakalardan, ýatdan çykmajak pursatlardan doly. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde toý şatlygymyzy goşalandyran wakalaryň biri hem ençeme watandaşlarymyza döwlet sylaglarynyň, Şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda maňa hem Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda bu abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda meniň hem döwletli baýrakdan paýly bolmagym başymy göge ýetirdi.

Elbetde, bu döwür, bu eşretli eýýam çekilen zähmetiň görülýän, oňa mynasyp baha berilýän hem-de her birimizi täze üstünliklere höweslendirýän taryhy zamana. Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes tutumlarynyň rowaçlanyp, täze belentlikler göterilen başlangyçlary bolsa has yhlasly, netijeli we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bu taryhy eýýamda döretmek, ata Watanymyzy wasp etmek bolsa belent dereje hem-de kämil mertebedir.

Gursagy ylhamdan doly sungat ussatlarynyň, medeniýet işgärleriniň, döredijilik we edebiýat wekilleriniň özboluşly baýramyna öwrülen bu pursatlary biz hiç wagt hakydamyzdan çykarmarys. Çünki bu Şa serpaýynda peder pendine wepaly, Hak sylagly Arkadagly Serdarymyzyň, döredijilik äleminiň belent Ussady Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes ynamy bar. Bu ynam biz üçin mukaddesdir. Bu ynam bizi has gaýratly ädimler bilen öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür. Şonuň üçin hem Şa serpaýyndan paýly ýaşlar hökmünde biz mundan beýläk hem döredijilikli zähmet çekmäge borçlanýarys. Yhlas-zehinimizi, ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrman işlejekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Öz halkyna baky bagty peşgeş eden, Garaşsyz ýurdumyza ösüşleriň nuruny çaýan Milli Liderimize, Gahryman Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletiminde toýlarymyz toýlara ulaşsyn!

Muhammetoraz SÄHEDOW,
«Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynyň estrada we orkestr toparynyň artisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu