Ýulýany mekdebe bermekçi boldular. Gyzjagazyň okuwa başlamaga taýýarlygyny barlamak üçin onuň test tabşyrmagy gerekdi.
─ Adaty zatlardan başlaly ─ diýip, psiholog mumdan ýasalan miweleri alyp, stoluň üstünde ýerleşdirdi. ─ Ine, alma, nar, apelsin, şetdaly. Bir söz bilen bular näme diýlip atlandyrylýar?
Ýulýa aşak bakdy.
─ Dowam edeli. Hyýar, pomidor, ýeralma we sogan. Olara umumylykda näme diýilýär?
Ýulýa dodagyny dişledi.
─ Ýertudana, böwürslen, ülje…
Gyzjagaz gözlerini süpürip, ýuwaşja pyşyrdady:
─ Ýadymdan çykdy.
─ Mekdebe gatnamaga entek ir. ─ Psiholog Ýulýanyň enesine ýüzlendi. ─ Bir ýyl garaşyň, gyzyňyz bilen köpräk meşgullanyň.
Enesi gyzyna geň galyp seretdi.
─ Ýulinka, şularyň nämedigini çyndanam bileňokmy?
─ Eje, ýadyma düşdi! ─ Gyzjagazyň ýüzleri güldi. ─ Nusga. Miwe we gök önümleriň mumdan ýasalan nusgalary…
Anwar KURBANOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.