Siziň üçin...Slider

Dymmaklyk gudraty

25-09-2023 / 10

Halkymyzyň arasynda “Akmaga iň gowy jogap dymmaklykdyr” diýen nakyl bar. Gerek ýerinde dymmaklyk abraýly we eý görülýän häsiýetleriň biridir. Ol göwünlerde, ýüreklerde hormat-sylagy oýarýar. Diliňi boş we biderek ýaňramazlygy endik etdiren, many we düşbilik bilen jylawlamagy başarýan adamy güýç-kuwwatyň eýesi hasaplap bolar.

Käbir adamlar gysga sözlände aýdyp boljak zady süýndirip, tutuş kitaby gürrüň berýän ýaly uzaldýarlar. Her gezek aýtjak zatlarynyň takyk we kesgitli bolsa onda ýerliksiz gep uzaltmalardan we ýaňramalardan el çekmeli, şeýtmek bilen özüňi hem-de beýlekileri irizmekden ýüregine düşmekden halas edýärsiň.

Söz birek-birek bilen tanyşmak habarlaşmak üçin esasy serişde. Aýdýan sözleriňiziň ile ýaýýan pikirleriňiziň esasynda adamlarda siz hakdaky düşünje peýda bolýar. Olar köp halatlarda sizi aýdýan sözleriňiz arkaly tanaýarlar. Çünki dil diňe özüňde bar zatlary aňyňda bar zatlara laýyklykda sözleýär. Bu diliň tebigaty. Hytaý filosofy Sen Tuzu beýleki adamlar bilen geleşige, ylalaşyga girmegiňiz hakda şeýle diýýär: “Biz uzak dymdygymyzça, söhbetdeşimiziň dodaklary we dişleri barha çalt hereket edip başlaýar. Ol şeýtmek bilen özüniň islegi we niýetleri hakda saňa has içgin açylyp başlaýar” diýip belleýär. Dymmaklygy ejizligiň bir alamaty hasaplamasaňyz, özüňizi köp şowsuzlyklardan we ýakymsyz ýatlamalardan halas edersiňiz.

Bir gezek Abbasylaryň 5-nji halyfy Karun ar-Reşit bir düýş görüpdir, düýşünde onuň dişleriniň bary paýrap dökülipdir. Ertesi ol ir bilen düýş ýorujyny
çagyryp: “Bu düýşüň ýorgudy näme bolmaly?” diýip sorapdyr. Ýorgutçy hem: “Emir al-möminiň ömri uzak bolsun, seniň kowum-garyndaşlaryň hemmesi senden öň ölüp ýanyňda hiç kim galmaýar” diýip jogap beripdir. Karun ar-Reşit: “Bu ýorgutça ýüz çybyk uruň, ol beýle agyr habary ýüzüme aýtmaga neneň het etdikä, bütin kowum-garyndaşym menden öň öljek bolsa, meniň kime geregim bar?” diýipdir. Ol başga bir ýorgutçyny çagyryp getirip, oňa gören düýşüni beýan edipdir. Ýorguç: “Emir al-möminiň gören düýşüniň ýorgudy onuň bütin kowum-garyndaşlaryndan artyk ýaşajakdygyny görkezýär” diýipdir. Karun ar-Reşit: “Akyl-paýhasyň salgy berýän zady birdir, ýorgut şol ýorgutdyr, ýöne onuň aýdylyşynda uly tapawut bar” diýipdir we şol ýorgutça ýüz tylla bermegi buýurypdyr.

Hekaýatdan gelip çykyşyna görä, öňüni-soňuny seljermek diýýän sözüňi iň gowy terzde aýtmak gerek. Eger aýdýan sözleriňden başyň çykmaýan bolsa ol zelelden başga zat getirmez.

Merjen HAÝTGULYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu