Tanymal tennisçi, dünýä çempiony Artur Eş agyr hassalyga duçar boldy. Ahwaly gün-günden erbetleşdi. Ömrüniň soňky günlerinde Artura janköýerlerinden hat yzyna hat gelerdi. Olaryň birinde şeýle sözler bardy: “Beýik Perwerdigär bu dert üçin başgany däl-de, näme üçin sizi saýlady?..”
Artur janköýerine jogap hökmünde şu haty ugratdy:
“Dünýäde her ýylda elli million adam tennis oýnamaga başlaýar, şolardan bäş milliony bu sporty gowy öwrenýär. Bäş ýüz müňüsi professional derejä ýetýär. Bäş müňüsi uly ýaryşlara gatnaşyp, elli sanysy “Wymbeldona”1 çenli gelýär. Dördüsi ýarym finalda, ikisi finalda oýnamak hukugyny gazanýar. Elimde çempionlyk kubogyny tutup, birje gezek hem “Näme üçin men?” diýmedim. Bu sözi indi hassalyga uçranymda diýsem, dogry bolarmy?..”
Taýýarlan: Döwran ÝAGŞYGELDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.