
Müsür piramidalary her biri 20 tonna bolan daşlardan gurlandyr we bu daşlary tapyp boljak iñ ýakyn ýer yüzlerçe km. uzaklykdadyr.
* * *
Bu daşlaryñ nädip getirilendigi barada hiç bir maglumat ýokdur.
* * *
Piramidalar kimiñ adyna gurlan bolsa,onuñ ýatan otagyna, ýylda iki gezek gün şöhlesi düşýär (doglan we tagta çykan günleri)
* * *
Mumiýalarda radioaktiw madda barlygy sebäpli mumiýalary ilkinji tapan 12 ylym adamsy keselläp ölüpdir.
* * *
Piramidalaryñ içinde ultra sount, radar, gidrolakator ýaly tehniki enjamlar işlemeýär.
* * *
Hapa suw birki günde piramidalaryñ içinde arassalanan görnüşe gelýär.
* * *
Piramidalaryñ içinde süýt zaýalanman biraz wagtdan soñ, gatyga öwrülýär.
* * *
Ösümlikler piramidanyñ içinde çalt ösýär.
* * *
Piramidanyñ içinde goýlan suwy bäş hepdeden soñ yüz arassalaýjy (kosmetika) hökmünde ulansa bolýar.
* * *
Hapa bedre içindäki nahar hiç yslanmazdan piramidalaryň içinde mumiýalaşýar.
* * *
Kesik, ýanyk, çapyk ýaly ýaralar piramidanyñ içinde çalt gutulmak bilen bolýar.
* * *
Piramidalaryñ içi tomsuna sowuk, gyşyna bolsa ýyly bolýar.
* * *
Piramidalarda ulanylan daş sanyny piramidalardaky basgançaklaryñ sany bilen köpeldeniñde dünýäniñ güne bolan uzaklygyna bir azajyk tapawut bilen, deñ gelýär.
* * *
Müsür piramidalary dünýä kartasyny düz görnüşde ele alanyñda dünýäniñ edil merkezine ýerleşýär.
Güýçmyrat AMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.