Siziň üçin...Slider

Gruzin pähimlerinden

23-09-2023 / 4

Sabyr – jennet açary.
***
Dişler – diliň sakçysy.
***
Derýanyň çuňlugyny bilmedik gaýykçy gark bolar.
***
Akmaga ýagşy söz aýtmak – gündiz çyra ýakmakdyr.
***
Duşmanymyň duşmany – meniň dostum.
***
Garşyňda duran duşman arkaňdaky dostdan ýagşyrakdyr.
***
Uruşagan öküz şahsyz galar.
***
Uly daragt güýçli ýeli küýsär.
***
Ýolbarsy garrylyk ýeňende ony eşek hem deper.
***
Adamyň gözi diňe toprak bilen doýar.
***
Ýükli eşege gamçy çalynmaz.
***
Ýykylsaňam atdan ýykyl.
***
Hemme it öz derwezesinde batyr.
***
Ýazyksyz dost gözlän ýalňyz galar.
***
Atdan düşen eşege münmez.
***
Demirçi – pyçaksyz, tikinçi – köýneksiz.
***
Söýgi gül gözlär, gabanjaňlyk – tiken.
***
Ammardaky syçan açlykdan ölmez.
***
Eýer tapylsa at ýok, at tapylsa – eýer.
***
Bir akmagyň deňze zyňan almazyny müň dana hem tapyp bilmez.

Taýýarlan: Röwşen ORAZNEPESOW,
Türkmenistanyň Inžener­-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu