Siziň üçin...Slider

Oýlanmak üçin: agzybirligiň açary

23-09-2023 / 10

Ir säher bilen ukudan oýanyp, äri adatdakysy ýaly aýaly bilen ertirlik edindi-de, geýimlerini geýip, sumkasyny almak üçin öz otagyna girdi. Tiz wagtdan hem gündelik işine ugramalydy. Otagyndaky ýazuw stolyny we kompýuterini çaň basanyny görüp, ýuwaşja çykyp gitdi. Aýalyny çagyryp:

– Ezizim, meniň otagymdan sumkamy getirip bersene – diýdi.

Aýaly otagyna girse, stol üstündäki tozanjyklaryň ýüzünde owadanlap, “Ezizim, seni söýýärin!” diýen ýazga gözi düşdi. Kompýuteriň ekranynyň ýüzüne hem barmak bilen “Ömrümiň manysy sensiň!” diýip ýazylypdyr.

Aýaly otagdan çykyp, sumkasyny ýoldaşyna gowşurdy hem-de “Size düşündim. Indiden beýläk ünsli bolaryn” diýen äheňde birenaýy ýylgyrdy.

                                           ***

Agzybirligiň açary – ilkinji nobatda bir-biregi sylamak we hormatlamak bolup durýar. Sylanmak üçin sylamak gerek. Sähelçe zadyň üstünde uly goh turuzmak, artykmaç hereketler bolsa diňe maşgalanyň bozulmagyna, agzalalygyň döremegine elter. Köneler aýtmyşlaýyn :”Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr”

Taýýarlan: Oguljemal HALLYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy  kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu