Durmuşyňyzda nähili dostlaryňyzyň bardygy barada biraz pikir edip gördüňizmi? Her kime iň gowy gününde bagtyny paýlaşyp biljek ýa-da iň erbet gününde bilelikde aglap bilýän dost gerek. Dostlugyň kesgitlemesi häzirki wagtda üýtgese-de, her kimiň durmuşynda bolmaly dost görnüşleri bardyr:
Gyzykly dost – bir adam gününi näçe erbet geçirsede, ony güldürip we özüni gowy duýup bilmegini düşündirip biljek dosty bolmaly.
Sport ýoldaşy – bu adam bilen hökman sport babatynda gatnaşmak hökman däl, ýöne sizi ir säher bilen öýden çykaryp biljek biri gerekdir.
Höweslendirýän dost – durmuşyňyzda arzuwlaryňyzy goldaýan we islendik zady edip biljekdigiňize sizi ynandyryp biljek dostuňyz bolmaly.
Ýalta dost – sizi höweslendirýän dostuňdan başga-da, size dynç almagy we pursatdan lezzet almagy bilýän ýalta dost hem gerek.
Ýaşy sizden uly bolan dost – bu adamyň sizden uly bolmagynyň hökmanylygy ýok aslynda, esasy zat islendik kynçylyklaryňyzda size ýol görkezip biljek has kämil düşünjeli we bilimli dost.
Intellektual dost – aýdym-saz, surat, kino ýa-da tans. Sizi sungatyň islendik görnüşi bilen tanyşdyryp biljek dost siziň aýrylmaz dostlaryňyzdan biri bolup biler.
Daşary ýurtly dost – häzirki wagtda sosial mediýa programmalary dürli medeniýetli adamlar bilen tanyşmak üçin gaty gowy salgy.
Içgysgynç dost – siziň hem gaty içgysgynç dostuňyz barmy? Umuman içgysgynç dostuňyz size sabyrlylygy öwreder.
Iň gowy dost – her bir adamyň durmuşynda size «Sensiz hiç haçan hiç zat edip bilmezdim!» diýip biljek dostuňyz bolmaly.
Oguldurdy ÝEGENMYRADOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň talyby.