Siziň üçin...Slider

Dost – ynsanyň köňül aýnasy

22-09-2023 / 4

Dostluk – ynsan durmuşynyň gözelligi, zynaty, bezegi. Dost – gözleriňe   seredip, seniň içki dünýäňi, oý-pikirleriňi görüp, duýup, syzyp bilýän köňül aýnasy.

Dostluk nämeden başlanýar?! Dostluk birek-birek bilen gadyrly görşüp, mahirli salamlaşmakdan, pikir alyşmakdan, ýakyn gatnaşyklardan, birek-birege hormat-sylag goýmakdan gözbaş alýar. Çyn, ýürekdeş dost, jora gazanmak isleseň, ilki bilen özüňde şirin sözlülik, pespällilik, belent adamkärçilik, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, merdi-merdanalyk, ýagşy niýetlilik, güler ýüzlülik, göwnaçyklyk, mylaýymlyk, şadyýanlyk ýaly gowy gylyk-häsiýetleriň bolmagy zerurdyr.

Dost ― seniň pynhan syryňy özünde saklap, derdiňi, şatlygyňy deň paýlaşýan, gerek ýerinde dogry, ýerlikli, paýhasly maslahat berýän iň ýakynlaryň biri. Gyz üçin ene iň ýakyn dostdur, ýürekdeş syrdaşdyr. Munuň özi gyz perzendiň eneden görelde alyp, edep-ekramly, görüm-göreldeli, asylly bolup ýetişmeginde ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Deň-duşuň bilen jora bolup, içki syrlaryňy we duýgularyňy paýlaşmak, islendik ýagdaýda birek-birege goldaw bermek bolsa dostlukdan, sylag-sarpadan nyşandyr. Kitap bilen dostlaşmak dünýägaraýşyňy giňeltmäge, bilimiň kämilleşdirmäge, dünýä  we durmuşa akyl ýetirmäge itergi berýär.

Dost seniň durmuşda düýpgöter özgermegiňe ýardam berýär. Ýürekdeş dostlaryň gylyk-häsiýetleri  ýa-da sözleýiş äheňi wagtyň geçmegi bilen birek-birege  geçýär. Hakyky dost seniň käbir häsiýetleriňi ikiçäk ýagdaýda ýüzüňe aýdyp, ony düzetmegiňe hem-de kämilleşmegiňe goldaw berýär. Dost sarpasyny saklamak, onuň göwnüni götermek, dertdeş bolmak dost gatnaşyklarynyň has-da berk, jebis bolmagyna, pugtalanmagyna getirýär.

Ogultäç GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu