Matematika dersi bilen baglanşykly mysallarda we meselelerde π (pi) sany giňden peýdalanylýar.
π sanynyň matematik manysy boýunça, töweregiň uzynlygynyň onuň diametrine bolan gatnaşygyny aňladýar. π sany beýleki ugurlarda hem giňden ulanylýanlygy üçin, bütin dünýäde her ýylyň 14-nji marty π sanynyň güni diýip bellenilýär. Bu sanyň doly bahasyny kesgitlemek üçin birnäçe matematikler dürli işleri geçirseler-de, olar diňe belli bir bölegini kesgitlemegi başarypdyrlar. Soňky maglumatlara görä, onuň oturdan soňky 2 trillion 700 milliard sandan ybarat bölegini kompýuteriň kömegi bilen Fabrice Bellard hasaplapdyr.
π sany ilkinji gezek alym Arhimed tarapyndan hasaplanylýar. Arhimed ilkinji hasaplamasynda 3,14285, ikinji hasaplamasynda bolsa, 3.14084 bahalary alýar. Bu iki sanyň aralygyndaky sany alyp, π sanyň bahasy π=3.14 diýip kesgitleýär.
Arhimedden öň hem birnäçe mesopotamiýaly, gadymy gresiýaly we müsürli alymlar ýalňyş hem bolsa, bu sanyň bahasyny kesgitläpdirler. Mysal üçin mesopotamiýaly alym Heron “Metrika” atly eserinde onuň bahasynyň 3.71 –e deňdigini aýdypdyr.
π sanynyň nyşany grek elipbiýiniň 16-njy harpy bolan π harpydyr. Şweýsariýaly alym Leonard Euler 1737-nji ýylda bir eserinde bu nyşany ulanypdyr.
π sanyny dolulygyna ýat tutmak boýunça birnäçe bäsleşikler geçirilýär. 2005-nji ýylda Hytaýly Chao Lu bu sany ýat tutmak bäsleşiginde onuň 93 müň belgisini ýat tutupdyr, emma 67 müň 891-nji belgide ýalňyşýar we 67 müň 890 belgi bilen π sanyny ýat tutmakda dünýä rekordyny goýýar.
Altyn MÄMMETBERDIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.