Myhmany güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp garşylamak gerek.
Öý eýesi myhmany garşy alanda eşigine üns bermelidir. Myhmanlaryň, ylaýta-da ýaşulularyň we aýal-gyzlaryň ýanynda öý eýesine içki eşikde, maýkaly oturmak bolmaýar. Öý eýesi sada we hyzmat etmäge oňaýly eşik geýmelidir. Çagyrylyp getirilen myhmanlardan bezemen geýinmek, öz baýlygyny güjeňlemek maksady bilen, öýdäki gelin-gyzlaryň myhmanlaryňkydan has gymmat şaý-seplerini dakynmagy kelpezligiň nyşanydyr.
Myhmana ýakymly görünmek we oňa hödür-kerem etmek üçin arassa we gelşikli geýinmegi ündeýär.
Nahara çagyrylan myhmanlar öýe girmezden öňürti, olaryň elini ýuwdurmak gerek, elini ýuwan dessine-de, el süpürilýäni äbermek myhmana goýlan hormaty aňladýar.
Öýe girilende, ilki öýüň eýesi girip myhmanlary içeri çagyrmaly, olara ýol görkezmeli. Myhman üstki eşiklerini çykarjak bolsa, ony asmaga kömekleşmeli. Myhmany törde oturtmaly, aşagyna düşekçe ýazmaly. Saglyk-amanlykdan soň myhmanlaryň öňüne saçak ýazyp, ýany bilen çaý, süýji, miwe ýaly zatlar getirip goýmaly.
Myhmana hödür-kerem etmekde howlukmalydyr.
Nahar çekilende myhmana “Alyň, iýip oturyň” diýip, zol gaýtalap durmak, myhmanlary gyssamak gelşiksizdir. “Myhmanyň öňüne aş goý, iki elini boş goý” diýlip, ýöne ýerden aýdylan däldir. Nahar iýýän myhmanyň eline, agzyna göz dikip, oňa aşa üns berip oturmak hem dogry däl, çünki myhmanyň çekinmegi mümkindir. Bir zat dökülende, gaçyrylanda, döwlende myhmana igenmek salyhatlylygyň nyşany däldir.
Myhman göwne ýaramaz ýaly zat aýdanda-da ýa ýerliksiz degşende-de, öý eýesi oňa gatyrganyp, bir zat diýmeli däldir, geçirimli bolmalydyr.
Myhmana hezzeti öz gurbuňa görä etmeli, bar zadyňy aýamaly däl, çünki, “Myhman geler işikden, rysgy geler deşikden”diýilýändir. Myhman öýe rysgal hem sogap getirýändir. Ýöne myhmany gowy kabul etjek bolup, karz-kowal edip, öýdäki çagalaryň iýjegini agzyndan alyp, özüňi kyn güne salmak dogry däldir. Şeýle hem “Myhman ataňdan uly, çagaňdan kiçi” diýlen söz ýöne ýerden dörän däldir. Muňa garamazdan, türkmen hemişe we islendik pursatda myhman almaga taýýardyr.
Myhmana mümkin bolan ýagdaýda öý eýesi hyzmat etmelidir. Öý eýesi ýokary wezipeli işgär bolsa, öýünde özüni edarasynda bolşy ýaly alyp barmaly däldir. Bu ulumsylyk bolýar.
Nahar iýlip, töwir edilenden soň, saçagyň üstündäki artykmaç zatlary ýygnap, oturanlaryň elini ýuwduryň. Soňra myhmanlara çaý berilýändir.
Myhmany uzak wagtlap ýeke goýmaly däldir. Ýöne myhmany dynç alyş otagyna geçireniňden soň, özüni arkaýyn duýar ýaly, az salym ýeke galdyrmak ýagşy görlüpdir.
Öý eýesi myhmany ugradanda-da, garşylaýşy ýaly, güler ýüzli ugratmalydyr. Myhmanyny ugradanda öňüne düşmän, onuň yzyndan ýöremeli, gapydan hem soňundan çykmaly.
Güljahan ARZYMEDOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.