Siziň üçin...Slider

Bagt hakynda söhbet

22-09-2023 / 6

Bagt  hakynda  söhbet  etmek örän ýakymly. Onuň jümmüşinde ýaşaýyş we durmuş  hakynda  pelsepe bar. Biziň pikirimizçe,  bagt üç topara  bölünýär: şahsy bagt, maşgala bagty, ählumumy bagt. Bular bir-birleri bilen aýrylmaz baglydyr, ýöne  olar şahsyýetiň bagtyndan gözbaşyny alýar.

Ynsan  dogulýar, onuň  ömür menzili bilen  birlikde  bagty hemra bolýar.  Çünki  bagtyň  mazmuny dünýä inmekden başlanýar. Çaga kemala gelenden soň terbiýelenýär, gowy okamak we jemgyýetçilik ýerlerinde  özüňi oňat  alyp  barmak  ýaly ýörelgelere  eýerýär. Söýýän  hünärini  saýlamak onuň  ýaşaýyş-durmuşynyň  esasy  basgançagy  hasaplanýar.  Ýöne  nähili  hünäri  saýlamaly?!  ,,Saýlan hünäriň saňa peýda getireni ýeterlikmi?!” diýen ýaly soraglaryň jogaby mydama kalbyňda ýaşamaly.

Her bir ynsan öz ykbalyny özi bezeýär. Adam öz söýýän hünärini ele almaly. Durmuşyň şahsyýeti kämilleşdirýär, tejribesini artdyrýar.

Mahmyt Zamahşarydan kesp-kär, hünär barada sorapdyrlar. Şonda ussat şeýle diýipdir: ,,Kesp-kärli, hünärli  bolmak ykbala  tikilen ajap lybasdyr. Owadan lybasly adamlara seretmek örän ýakymly. Şonuň üçin hem ynsan kesp-kärli, hünärli bolup, özgelere görelde bolsa, onuň il içindäki abraýy hem artar.

Sagdyn  bedenli, giň dünýägaraýyşly we kämil bilimli bolmak hem şahsyýetiň bagtly  bolmagyna oňyn täsir edýär, Mylakatly, gülerýüzli, edep-terbiýeli bolmak ynsan mertebesini beýgeldýär.

Mähri AGAMEDOWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu