Biler bolsaňyz, köçelerdäki ilkinji ýol yşygy 1868-nji ýylda Londonda peýda bolupdyr. Ony Jon Pik Naýt atly iňlis inženeri oýlap tapypdyr. Iňlis parlamentiniň binasynyň öňünde oturdylan ilkinji ýol yşyklary mehaniki görnüşde bolupdyr.
Ýol yşyklary işe girizilmezinden ozal, bu barada Londondaky neşir edilýän gazetlerde ýol yşyklar barada jikme-jik düzgünler çap edilip, ýolagçy ýaşyl we gyzyl çyralaryň hem-de beýlekileriň nämäni aňladýandygyny ilkinji gezek bilipdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu enjam kämilleşdirilip, reňkleriň üýtgeýşi gijelerine hem görner ýaly gaz fonary bilen abzallaşdyrylypdyr.
Köçe-ýol hereketiniň awtomatik sazlaýjysynyň täzeden döreýşi bolsa 1914-nji ýylda ABŞ-nyň Kliwlend şäherinde, binäçe wagtdan soňra Çikagoda we Nýu-Ýorkda bolup geçýär. Ýol yşyklary elektrik togy bilen işläp, ol diňe gyzyl we ýaşyl reňkli bolup, her çalşykda ses bilen duýduryş beripdir. Sary reňk 1918-nji ýylda goşulypdyr.
Ýol yşyklary Fransiýada 1923-nji ýylda Parižde Grands köçesi bilen Strasburg köçesiniň çatrygynda ulanylmaga başlanypdyr.
Russiýada bolsa ilkinji ýol yşygy 1924-nji ýylda Kuzneskiý köprüsi we Petrow köçesiniň çatrygynda oturdylypdyr. Bu abzal uzak wagtlap el bilen dolandyrylyp, tehnikanyň ösmegi bilen oňa awtomatik dolandyrylyş usullary ornaşdyrylypdyr.
Bu günki gün ýol yşyklary has-da kämilleşdirilip, Koreýada batyllara niýetlenen sesli duýduryş beriji ýol yşyklary öndürileni. Bu önüm gysga wagtda Ýewropa hem giňden ýaýrapdyr.
Sürüjileriň we pyýadalaryň arasyndaky ýol hereketiniň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýol yşyklarynyň giňden ulanylmagy ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna getirýär.
Döwletgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.