Gadymyýetde pederlerimiz agaçlaryň çybyklaryndan, meýdandaky ýabany ösümliklerden ýerlikli peýdalanypdyr. Olar ýabany ösümlikler bolan ýekenden, gamyşdan, galamdan özlerine gerek bolan zatlary ýasamagy başarypdyr. Muňa zagama, gawun-garpyz daşamak üçin niýetlenen iki bölekden ybarat örme horjuny, gum we ders bölekleri üçin niýetlenen keşşäni we ganarlary, pagta we däne saklamak üçin gaba gaplary we ýene käbir hojalykda ulanylýan zatlary mysal getirip bolar.
Ýeken — bu suwly ýaplaryň, kölleriň ýakasynda ösýän gamyşpisint ösümlik. Ondan islendik zady ýasamak üçin ilki ýygyp guradypdyrlar, soňra bolsa oňa çyglylyk beripdirler. Onuň üçin boglan ýekeni 10-15 minut suwa taşlap çyglandyrypdyrlar. Ýapda suw bolmadyk ýagdaýynda boglan ýekenleri ýerde ýatyryp, üstünden suw sepipdirler. Şeýle ýagdaýda ýumşak ýekeni towlamak we örmek amatly bolýar.
Ýekenden erik kişdesini, kişmişi, gawun kakyny we gurt serip goýmak üçin zagama taýýarlanypdyr. Zagamany dokamak üçin ilki bilen 20 sany ýekeni alypdyrlar. Olaryň düýp tarapy gaty bolandygy üçin düýbünden 20 santimetrini kesip aýyrmaly bolupdyr. Alnan ýekenleriň biriniň arka tarapy, beýlekisiniň öň tarapy tekiz ýerde rejelenip goýulýar. Dargap gitmez ýaly onuň üstünden tekiz tagta bölegi bilen basylypdyr.
Ýerde goýlan ýekenleriň arasyndan iki-ikiden alnan ýekenleriň iki sanysynyň öň tarapyndan, iki sanysynyň bolsa arka tarapyndan gezekli-gezegine içinden geçiripdirler. Şeýlelikde, ýerdäki 20 sany ýekeniň içinden ýene-de 20 sany ýeken geçirilipdir. Ýekenleriň biriniň öň, biriniň arka tarapynyň goýulmagy bolsa taýmazlygyny üpjün edýär. Zagamany dokap bolandan soň, onuň gyralary gaýtarylyp, iki-ikiden dört ýeken bilelikde daňylýar. Şeýlelikde, zagamanyň gyralary az-kem beýgelýär. Taýýar bolan zagamanyň dört burçunyň hersinden bir ýeken daňlyp, olar zagamanyň ortasynda birikdirilip daňylýar. Şol dört ýekeniň her biriniň gowy towy ýeten bolmaly. Zagamany islendik ýerde sallap goýup bolýar. Zagama serlen gurt we erik kişdesi zaýalanman oňat guraýar. Onuň sebäbi zagamadaky ýekenleriň arasyndan şemal geçip durýar. Zagama oba ýerlerinde seýregrägem bolsa häzirki günlerde hem ulanylýar.
Ders we gum böleklerini daşamaga niýetlenen keşşäni taýýarlamak üçin, ýekenden 25 metr töweregi ýüp örüpdirler. Gyzlaryň saç örüminiň usuly esasynda taýýarlanan ýeken ýüpi tekiz bolar ýaly, ony göni agajyň kömegi bilen berk dartypdyrlar. Soňra 2 sany 1,5 metrlik taýagyň düýbüni palta bilen ýonup, ýere kakypdyrlar, depesi gozganmaz ýaly, kese taýak bilen berk daňypdyrlar.
Ýere kakylan taýaklaryň düýbünden başlap, ýeken ýüpi daşyndan aýlanypdyr. Ýeken ýüpi aýlananda aşakdan ýokarlygyna çenli dowam etdirilipdir. Taýaklaryň daşyndan aýlanan ýeken biri-birine degipdir. Aýlanan ýüp dargamaz ýaly, onuň 12 ýerinden galam atly ösümlikden taýýarlanan ýüp bilen daňypdyrlar. Taýýar bolan keşşäniň düýbi 1,5 metr, agzy bolsa 60 santimetre deň bolýar. Bu keşşäniň düýbi ýüp bilen birleşdirilýär. Keşşäni taýakdan almak üçin, daňylan taýagy çözüp, keşşe sogrulyp alnypdyr. Şeýle gapda 70-90 kilogram agramdaky dersi we gumy islendik ýere äkidip bolupdyr. Şeýle keşşeler bilen XX asyryň ortalaryna çenli ekin meýdanlaryna ders daşapdyrlar.
Aýnur HABIBULLAÝEWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.