Tebigatyň gaýtadan janlanýan döwri bolan bahar paslynyň gelmegi bilen ýagyş has köp ýagyp başlaýar. Ýer ýüzünde geografik şertlerine baglylykda ygalyň dürli görnüşleri bolýar. Howanyň has sowuk ýerlerinde gar, buz, doly ýa-da jöwenek ýagýan bolsa, yssy ýerlerde ýagyş ýagýar. Ygalyň gaty seýrek ýagýan çöllerinde bolsa ýylyň belli bir paslynda diňe çyg düşýär. Ygalyň bir görnüşi bolan ýagyş diňe bir dag eteklerinde ýa-da sähralarda otlaryň gögermegine şert döretmän, eýsem, towlanyp akýan derýalary, giň howdanlary hem suwdan doldurýar. Suw bolsa janly-jandarlaryň ählisi üçin ýaşaýyş çeşmesi hasaplanýar. Eýsem, ýagyş nähili emele gelýärkä?!
Ýagyş damjalarynyň ululygy 0,5 millimetrden 6-7 millimetre çenli bolup bilýär. Pürküp ýagýan maýda ýagşa «çisňi» diýilýär. Ownujak damjalaryň tozgalap, jybarlap ýagmagyna «ýagyş çisňeýär» diýilýär.
Bilşiňiz ýaly, ýagynyň ýagmagy üçin, ilki bilen, bulutlar emele gelmeli. Günüň ýylylygy ummanlaryň, derýalaryň, kölleriň we beýleki howdanlaryň üstki gatlagyndaky suwy bugardýar. Bugaran suw ýokary galýar. Bug näçe ýokary galdygyça sowaýar. Bugaran suw bölejikleri howanyň düzümindäki çendenaşa kiçi tozan bölejiklerine ýapyşýar. Şeýlelikde, bulutlar emele gelýär. Haçan-da buludyň düzümindäki suw dykyzlaşyp, howadan agyr bolanynda ýagyş ýa-da gar görnüşinde ýere düşýär.
Bahar we güýz aýlarynda has köp ýagyş ýagýar. Ýagşyň şekili ýokarysy ýiti, aşagy tegelek görnüşinde suratlandyrylýan hem bolsa, aslynda, hakyky ýagyş damjasynyň şekili togalak bolýar. Ýagyş damjalarynyň tizligi sagatda 8 — 30 kilometr aralygynda üýtgeýär. Has uly damjalaryň aşagy howanyň garşylyk görkezmegi netijesinde biraz tekiz bolýar. Ýagny iri damjalar beýlekilerden tapawutlylykda biraz ýasy bolýar.
Enejan BAÝRYÝEWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.