Hytaýyň Sungat akademiýasy bedeniň parametrlerini we hereketleriň takyklygyny seljerip bilýän akylly fitnes eşigini öndürdi. Emeli intellekt tehnologiýalaryny ulanyp, has netijeli maşk etmegiň usullaryny hem teklip etdi.
Bu «akylly» fitnes eşigi öýde, ofisde ýa-da sport zalynda türgenleşmäge taýýar adamlar üçin örän amatlydyr. Geýim toplumy bilen ykjam programma goşulmagynda taýýarlanylan bu eşigi geýeniňde ilki bilen fiziki işjeňligiň ýerini we görnüşini saýlamaly. Sport datçikleri möhüm alamatlaryň üýtgemegine, myşsa impulsyna we hereketiň takyklygyna gözegçilik edip, programma arkaly ýalňyşlary nädip düzetmelidigini ses habarlary arkaly size habar berer.
Türgenleşigi tamamlanyňyzdan soň, maşkyňyzy has ylmy we täsirli edip, telefonyňyzdaky maşklaryňyzyň seljermesini görüp bilersiňiz!
Leýla ANNAGELDIÝEWA,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.