«Disneý» kompaniýasynyň multfilmlerine dünýäniň aglaba ýurtlarynyň çagalary söýüp tomaşa edýärler. Onuň biri-birinden täsin gahrymanlary biziň ünsümizi özüne çekýär. Ýöne olaryň durmuşda ýaşap ýören şahslara meňzedilip döredilýänligi hakyndaky maglumat has-da ünsüňizi çekse gerek?!
«Disneý» kompaniýasy multfilmleriň gahrymanlaryny döredýän wagtynda, olary hakyky durmuşda ýaşap ýören ynsanlaryň keşbinden mysal alyp döredýär. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
Jafar, jadygöý, Din-din we beýlekiler «durmuşda bar adamlar».
* «Disneýiň» animasiýa döredijisi ertekiler kitabyny okaýan wagtynda gara lybasda oduň töwereginde aýlanýan pursady şekillendirilen aýalyň suratyny görýär. Gahrymanyň kitapdaky ýüzünden onuň göwni suw içmeýär. Ol bu keşbi döretmek üçin Eleonor Odliniň ýüz keşbinden peýdalanýar we onuň kellesine şahlary hem oturdýar. Şol aktrisanyň özi hem jadygöýe ses berýär.
* Konrad Feýdt — Jafar — ýowuz jadygöýüň roluny 1940-njy ýylda Konrad Feýdt «Bagdatly ogry» multfilminde ýerine ýetirýär.
* Multfilmdäki Jasminiň roluny Jenifer Konelli janlandyrypdyr. Ýeri gelende bellesek, Jasmini gahryman hökmünde Mark Henn döredipdir. Animator bu keşbi döretmek üçin öz uýasy Bet we aktrisa Jenifer Konelliniň daş keşbinden peýdalanýar.
* Aidi döretmek üçin multfilm goýujylar bu gahrymana ses bermek işi ynanylan aktýor Jeýms Wuduň daşky görnüşinden peýdalanypdyrlar.
* Uolt Disneý «Adada seniň bilen» atly filme tomaşa edýärkä, ýaş aktrisa Ketrin Bomontyň mysalynda öz Alisasyny tapýar. Şeýdibem, täsinlikler dünýäsindäki Alisanyň başdan geçirmeleri peýda bolýar.
* Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Piter Pen — ulalmak islemeýän çagajyk. Onuň keşbini Uolt Disneýiň söýgüli aktýory Bobbo Driskolo döretdi we ses berdi.
* Din-Diniň keşbiniň döredilmeginde uly orna eýe bolan Margaret Kerri radioda alypbaryjy eken. Onuň Din-Din bilen diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem käbir häsiýetleri hem meňzeş bolupdyr.
Humaý ATAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.