Meşhur aýdymçy Rihanna «Fenty» markasy bilen moda sahypalaryna gaýdyp geldi. Dünýä belli «Puma» sport egin-eşikleri markasy bilen birleşip, ýyldyz «Avanti» model aýakgaplaryny kompaniýa üçin kameralaryň öňüne geçdi.
FENTY x PUMA hyzmatdaşlygynyň döredijilik müdiri Rihanna, Dennis Leupold tarapyndan geçirilen kompaniýa gatnaşdy. Sport bilen modanyň biri-biri bilen baglanyşykly ýygyndysynda Puma markasynyň nostalgiki dizaýnlaryna-da salgylanmalar bar.
Markanyň «The King» atly futbol aýakgaby we «Easy Rider» atly ylgaw aýakgaplary gaýtadan düşündirildi. Meşhur aýdymçynyň futbola bolan höwesini we moda duýgusyny görkezýän dizaýny, häzirki zaman we nostalgiki görnüşi ünsi özüne çekmegini dowam edýär.
Jeren MAGSADOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.