Habarlar

Rekordlar kitabyna giriziljek rekordlar mälim edildi

19-09-2023 / 7

Käbir adamlar belli bir wagtyň dowamynda taryhda yz goýup biljekdigi hakda pikirlenýärler. Käbirleri bolsa dünýäni üýtgetmek ýa-da sport bilen meşgullanmak arkaly Ýer ýüzünde meşhur bolup bilerler. Ýöne ähmiýetsiz ýollar hem bar. Mysal üçin, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek.

Beýik Britaniýanyň Birmingem şäherinden 15 ýaşly Simeon Graham aslynda jedelleriň üsti bilen 3 rekordy täzelemegi başardy. Ol:

5 pökgini minutda – 423 gezek;

6 pökgini minutda – 396 gezek,

7 pökgini minutda – 378 gezek ýokaryk zyňmagy başardy.

Näçe ýaşda oýunjak aýyjyklary ýygnamagy bes etmek has dogry? Muny 20 ýaşyndaka, ýöne dünýäde iň uly «Care Bear» kolleksiýasyna eýe bolan ABŞ-ly Nikolas Çerwuda aýtmaga synanyşyň. Onuň 1234 sany aýyjygy ýygnap rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başardy.

Rekordlar kitabyna girizilen täsin maglumatlaryň arasynda ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky 13 ýaşyndaky «Tommy» atly öküz hem bar. Dünýädäki iň uly öküzi bolan Tommy her günde 13 kilogram gury iým, 31 kilogram ot bilen iýmitlenip, 114-151 litr suw içýär.

Umuman alanyňda, şu ýylky ýazgylar kitabynda 2600-den gowrak üstünlik gazanyldy.

Azimbek ÇARYÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu