Siziň üçin...Slider

Täsin elguş – şahyn guş

19-09-2023 / 14

Elguş bilen gyzyklanmak halkymyza mahsus adatlaryň biri. Has irki taryhy kitaplarda hem türkmenleriň elguşa aýratyn höwes bilen garandyklary, olary terbiýeläp, eldekileşdirip ýetişdirendikleri beýan edilýär. Elguşlar, esasan laçyn guşlary bolup, olar hem öz içinde birnäçe görnüşe bölünýär. Şolaryň biri hem şahyn guşlardyr.

Edebi eserlerde ýazylmagyna görä, şahyn guşlar laçyn guşlarynyň topa­ryndandyr. Ýöne bu guşlar sowuk häsiýetli bolýar. Şonuň üçin olaryň hereketi, ýokardan aşaklygyna özüni goýberip uçuşy örän güýçli we zarply bolýar. Aw tutjak bolanda gönüligine uçmaýar. Aýlanyp, pyrlanyp awu­nyň yzyndan kowýar. Sebäbi onuň ganatlary agyr bolýar. Eger oňa aw görünse, onuň üstüne ýokardan aşaklygyna inip, barşyna ony urýar. Ol awuny aldaýar, hile edip ýokaryk gal­dyrýar. Eger bir urguda ýere gaçsa derrew alýar, gaçmasa, ýere gaçar ýaly ýaňadan urgusyny gaý­ta­laýar. Bu häsiýet onuň gorkaklygynyň, ýüre­giniň sowuklygynyň alamatydyr, ýöne bu gorkaklyk gowy görülýän gorkaklykdyr.

Şahyn guşy, umuman aýdanyňda, iň tiz we çalasyn guş bolup, awa has gazaply to­pul­ýar we ganhor bolýar. Ýöne ony gaçmak häsiýe­tiniň barlygy bilen aýyplaýarlar. Kä wagt­lar oňa bir zat bolup, özüni ýere urup ölýän ýagdaýlary-da bolýar. Onuň süňkleri beýleki uly ýyrtyjy guşlardan berk bolýar diýip guşlar bilen meşgullanýanlar aýdýarlar.

Şahynyň awuny döşi bilen urup, ony penjelerinde sallap tutmak häsiýeti bardyr. El guşy idetmek sungatynyň ussatlarynyň aýtmagyna görä, şahyn diýmek terezi diý­mek­dir. Hut şonuň üçinem onuň häsiýetem şo­lar ýalydyr, ýagny ol gaty doklugy göter­meýär, şonuň ýaly, açlyga hem çydamaýar. Onuň gowy görülýän sypatlary kellesiniň uly bolmagy, gözleriniň giň, patrak ýaly bolmagy, çünküniň dolulygy, döşüniň giň, petekesiniň doly bolmagy, biliniň inli­li­gi, butlarynyň ululygy, injiginiň gys­ga­lygy, oňurgasynyň arkasyna golaýlygy we ýele­giniň azlygy, ganatlaryny ýazan wagty guýrugynyň ýukalygydyr. Şahyn guşlary köplenç durnalary aw edinýärler. Ol hiç haçan diýen ýaly awuny boş geçirmeýär.  

Meýlis IŞANGULYÝEW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu