2013-nji ýylda taýýarlanan «Turbo» animasiýasynyň režissýory Dewid Soreniň ilkinji uzyn metražly filminiň baş gahrymany balykgulak ýyndamlaryň ýaryşyna gatnaşýar. Bu kindiwanja jandaryň aslynda o diýen ukyp-başarnygy ýok hem bolsa, balykgulaklaryň arasynda geçirilýän bäsleşikde birinji bolýar. Garaşylmadyk ýagdaýda balykgulagyň başyna gelen heläkçilik ony gabygyndan çykarýar. Ýöne onuň özüne bolan ynamy artýar. Sebäbi balykgulak bu gabykdan çykanyndan soň, adatdakysyndan has çalasyn hereket edip başlaýar. Bu ýagdaý onuň dostlaryny hem haýrana goýýar. Şondan soňra ol bütin ömrüne eden arzuwyna ýetmek üçin iň amatly pursatyň gelip ýetendigine göz ýetirýär. Deň-duşlary oňa göwnüýetmezçilik bilen garasalar hem, «Indy 500» atly awtoýaryşyna gatnaşmagy we birinji bolmagy ýüregine düwýär. Ol ähli päsgelçiliklerden geçip, öz arzuwyna ýetýär.
«Dreamworks» kompaniýasynyň öndüren ozalky käbir animasiýalarynyň edebi esasyna goşandyny goşan Soren bu multfilimde diňe körpe tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi maksat edinipdir. Filmde baş gahryman Turbo öz deň-duşlaryna meňzemeýär. Ony dostlaryndan tapawutlandyrýan ýeke-täk zat bar. Olam arzuw etmek we oňa ýetmek üçin eliňden gelenini gaýgyrman, bar güýjüň bilen şoňa tarap ymtylmak. Diňe bir körpeleriň däl, eýsem uly ýaşlylaryň-da söýgüsini gazanan bu 3D kompýuter animasiýasynyň gahrymanlaryna Raýan Reýnolds, Pol Jiamatti, Maýkl Penýa, Snoop Dog, Maýa Rudolf, Mişel Rodriges, Samuel L. Jekson ýaly belli artistler ses bermäge gatnaşdy. Animasiýa birnäçe ugurdan käbir baýraklara-da dalaşgär görkezilipdi.
Saparmyrat BABAÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.