Bütin dünýäde tebigatyň täsin jandary bolan balarylar iň işjeň mör-möjekleriň hataryna goşulýar. Arylaryň ynsan üçin hem örän täsiri bardyr. Ol barada Albert Eýnşteýn şeýle diýýär: «Eger arylar dünýäden ýitip gitseler tutuş adamzadyň diňe 4 ýyl ömri galar».
Arylar dünýäde takmynan 130 müň dürli ösümlikleriň ýetişmegine täsir edýär. Munuň bilen birlikde adamlaryň durmuşynda ençeme ätiýaçlyklary garşylaýar. Balarylaryň täsinlikleri sanardan kändir. Işçi arylaryň özüne mahsus düzgüni, petek we bal ýygnamakdan başlap ganatlarynyň kakmagynyň düýbünde ýatan täsinliklere çenli ençeme haýran galdyryjy endikleri bardyr.
Balarylar sekuntda ganatlaryny 200 gezek kakyp, sagatda 24 km tizlik bilen uçup bilýärler. Olar bir gören ynsanlarynyň ýüzüne we hereketlerine syn edip indiki gezek olary tanamaga ukyplydyr. Daşyndan uly iki gözi bolup görünse-de aslynda arylaryň bäş sany gözi bardyr. Olar iki gözüniň arasynda ýerleşip öte ýagtylyga garşy goraýar. Her bir ynsanyň durmuşda düşünişip aragatnaşyk etmekleri ýaly, arylaryň hem öz aralarynda aragatnaşyk saklamak üçin ary tansyny ýerine ýetirýändigini bilýärsiňizmi? Olar bu tanslarynyň üsti bilen gülüň haýsy tarapdalygyny görkezmäge ukyplydyrlar. Şol tansa dünýä ýüzünde «waggle» ady berilýär. Ortaça balarylaryň öýünde 50-80 müň sany ary ýaşaýar. Bir balarysy günde 2 müň güle gonýar we bal ýygnaýar. Balarylaryň öýjüginde patyşa ary bolup, beýlekilerden tapawutlylykda diňe ary süýdi bilen iýmitlenýär. Onuň täsin tarapy günde 2 müň ýumurtga taşlap adaty arylardan 10 esse uzyn ýaşaýar. Arylaryň 500 gram bal öndürmegi üçin 2 million güle gonmagy gerekdir. Bir balarysy ömründe bir çaý çemçesi balyň 1/12-sini öndürýär.
Balyň adama örän peýdaly taraplary bardyr. Onuň içinde bakteriýalar ýaşamaýar. Şonuň üçin ary baly uzyn wagtlap durkuny üýtgetmän durýar. Arylar ortaça 300 million ýyldan bäri dünýämizde bardyr. Häzirki wagtda balarylaryň sanlary gitdigiçe azalýar. Bu bolsa gözel tebigatymyza we ynsan durmuşyna uly täsirini ýetirip bilýär.
Geliň, ençeme täsinlikleri özünde jemleýän gözel tebigatymyzy goralyň we ondaky ýaşaýan janly-jandarlaryň ýaşaýşyna oňyn täsirlerimizi ýetireliň!
Alimuhammet ŞÜKÜROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.