Ýolyşyk grek dilinden terjime edilende: ýagtylyga äkidýärin diýen manylaryny berýär. Ol häzirki zaman dünýäsiniň ulag hereketlerini sazlamakda kesgitleýji orun eýeleýän tehnologiýa hasaplanylýar.
Bu ajaýyp tenhikanyň taryhy 1868-nji ýyldan başlaýar. Ol ilkinji gezek Londonda 1868-nji ýylda gurnalypdyr. Ýol yşygynyň häzirki wagtda köçe, suw, demir ýol we beýleki ulag görnüşleriniň hereketini kadalaşdyrýandygyna gazamazdan, onuň esasy wezipesi döredilen ilkinji gününden bäri pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Ol ilkinji gezek Jon Nik Naýt tarapyndan Britaniýanyň Parlamentiniň binasynyň öňünde gurlupdyr. Ol elde dolandyrylyp, reňkini ýörite bellenen adam üýtgedipdir. Onda bu wagtky peýdalanylýan yşyklar bolman, kese we 45 gradus öwrülen görkezijisi bolupdyr.
Gijelerine ýolyşygynyň gazly fonar görnüşi peýdalanylypdyr. Onda degişlilikde gyzyl we ýaşyl reňkler görkezijileriň ornuna buýruk yşyklary bolup hyzmat edipdir. Ilkiler awtomobilleriň ýerine paýtunlaryň bolmagy, ýol yşyklandyryjynyň kämilleşdirilmegini talap etmändir. Emma dünýäde tehnologiýanyň ösmegi ýol hereketiniň kadalaşdyrylyşyna bolan talaby hem berkidipdir. Şeýlelikde ilkinji awtomatiki usulda işleýän fonar 1910-njy ýylda Ernst Sirrin tarapyndan gurnalypdyr. Ol «durmak» we «ýöremek» buýruklaryny beripdir.
Ilkinji elektrik energiýasy bilen işleýän fonarlary 1912-nji ýylda Lester Waýr tarapyndan döredilipdir.
Biziň günlerimize mahsus bolan üç reňkli we yşygy ilkinji gezek ABŞ-nyň Detroýt we Nýu-Ýork şäherinde ornaşdyrylypdyr. Olaryň awtory Wilýam Potts bilen Jon F.Harris hasaplanylýar. Bu wakadan soň ýol yşygy dünýäniň galan bölegine hem ýaýraýar.
Ýolyşyklary ýörite pyýadalar üçin hem döredilendir. Geçen asyryň filmlerinde «Dur» we «Ýöre» buýruklary häzirki wagtda bütin dünýä tarapyndan ykrar edilip, umumy ulanylýan «ýaşyl» adamjygyň öňki neslidir. Biziň gündelik durmuşymyzda görýän «ýaşyl» adamjygymyzyň 1970-nji ýyllaryň ahyrlarynda ýaýrap, peýdalanylyp başlanylýar.
1970-nji ýyllaryň ahyrlaryndan başlap ýolyşygyny dolandyrmagyň merkezi ulgamy döredildi. Onuň kömegi bilen ýolyşyklary belli bir wagtda öçürilip saklanyp ýa-da ýöredilip bilinýär. Her ýolyşygynyň ýanynda degişli hünärmeniň bolmagyny aradan aýyran bu tehnologiýa hem ilkinji gezek ABŞ-da ornaşdyrylandyr.
Batyr SARYÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.