«Flamingo» sözüniň özi hem ispan dilinden terjime edilende «alaw reňkli» diýen manyny berýär.
Özleriniň uzyn boýunlary we aýaklary bilen giňden tanalýan flamingo guşlary, esasan, deňizlerde, kenar ýakalarynda, köllerde duş gelýärler. Olar göçüp-gonup ýören guşlar däldirler. Emma howa şertleriniň ýa-da suwuň derejesiniň birden üýtgemegi olaryň göçüp gitmegine sebäp bolup biler. Ýelekleriniň we derisiniň reňki doglan batlaryna ak ýa-da çal reňkde bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen olaryň gülgüne-mämişi reňke öwrülýändigi täsin ýagdaý bolsa gerek. Muňa olaryň gündeki iýýän deňiz önümleriniň düzüminde örän köp mukdarda duş gelýän beta kerotiniň, ýagny mämişi reňkli pigmentleriň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Aýgözel NAZAROWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.