Nýurnberg muzeýi. XVII asyrda gurlan we köp ýyllar oýnawaç dükany hökmünde gurlan bina 1966-njy ýylda muzeý hökmünde açylýar. Bu ýerde gyz we oglan çagalar üçin taýýarlanan öýjagazlar, aşhanalar, otlular, kitaplar we beýleki onlarça oýnawaç bar.
Pollogyň oýnawaç muzeýi. 1856-njy ýylda Londonda dünýä inen Benžamin Pollok tarapyndan döredilýär. Bu ýerde teatr sahnalarynyň kiçijik görnüşleri, demir oýnawaçlar, ýumurtga şekilli birnaçe oýunjaklar bar.
Liliput Antiki gurjak we oýunjak muzeýi. 1974-nji ýylda Londanda açylan muzeýde Mandeý maşgalasynyň oýnawaçlary saklanýar. Onuň çäklerinde çagalaryň gadymy oýunjaklara güýmenmegi üçin hem şert döredilipdir.
Milan oýnawaç muzeýi. Taryhy zatlary ýygnamak bilen meşgullanýan Paolo Franzini Tibaldeo tarapyndan döredilen muzeýde XVII we XIX asyrlarda Italiýada, Germaniýada we Angliýada ýasalan agaç oýnawaçlar we gurjaklar bar.
Ýapon oýnawaçlary muzeýi. 1974-nji ýylda Sigeýosi Inoue tarapyndan döredilen muzeýde agaçdan, bambukdan, kagyzdan we toýundan ýasalan oýnawaçlar we gurjaklar bar.
N.D.Bartram adyndaky çeperçilik-pedagogik oýnawaç muzeýi. 1918-nji ýylda Moskwada gurulýar. Muzeýde ilki Nikolaý Bartramyň köp wagtdan bäri toplan oýnawaçlary goýlupdyr. 1931-nji ýylda muzeý Moskwanyň golaýyndaky Zagorsk (häzirki Sergiýew Posad) şäherine göçürilýär. Bu şäherde irki döwürlerden bäri oýnawaçlardyr gurjaklar ýasalýan eken. Häzirki wagtda muzeýde halkara gurjak festiwallary we beýleki çäreler geçirilip, oňa dünýäniň dürli ýerlerinden myhmanlar gatnaşýar.
Hangeldi AŞYROW,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.