Siziň üçin...Slider

Göktürkmen ýazuw ýadygärligi

17-09-2023 / 10

Arassa utanç ýagşy.

* * *

Azy köp görme.

* * *

Biz az diýip gorkma,
Duşman köp diýip tesme.

* * *

Hatyny Taňry depesinde götermiş.

* * *

Kagan goşuny böri dek, ýagysy goýun dek.

* * *

Sözi süýjiň — ýagysy ýumşak.

* * *

Şöhratly är — ýagşy han.

* * *

Ýokarda gök Taňry, aşakda ene ýer.

* * *

Ýokarda Taňry ýalkar, aşakda — ýer.

* * *

Ýuka zady düýrmek aňsat,
Inçe zady üzmek aňsat.
Ýuka galňasa düýrmesi kyn.
Inçe ýognasa üzmesi kyn.

Taýýarlan: Daýanç ALYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu