Deňiz kirpileri deňziň, ummanyň düýbünde mesgen tutan jandarlardyr. Olaryň kirpiniňkä meňzeş tikenleri bolansoň «deňiz kirpisi» diýen ady alypdyrlar. Adaty kirpilerden tapawutlylykda, deňiz kirpileriniň beden gurluşy togalak şar görnüşlidir. Olaryň bedeniniň uzynlygy 3 santimetrden 30 santimetr aralygyna barabardyr. Deňiz kirpileri palçyklaryň, çägeleriň üstünde ýaşaýarlar. Az hereket edýärler.
Deňiz kirpileri duzy has köp bolan deňizlerde ýaşaýarlar. Olar ösümlikler we organiki maddalar bilen iýmitlenýärler. Deňiz kirpileriniň derilerinde bäş jübüt žabralary bolup, demi olaryň üsti bilen alýarlar.
Deňiz kirpileriniň tikenleri oňa hereket etmäge, iýmitlenmäge hem-de goranmaga kömek berýär. Olar köpöwüşginli örän owadan jandardyrlar. Köplenç, gülgüne, elwan, gyzyldan benewşe reňke geçýän deňiz kirpileri suwda asuda gaýyp ýören tikenlije pökgilere meňzeýär.
Merýem YLHAMJANOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.