Wiruslaryň howpy köplenç çişirilip görkezilýär. Köp wiruslar kompýutere uly zyýan ýetirip bilmeýärler, olar diňe käwagt özüni bildirýäler we köpelip, biderek ýer tutýarlar. Öňki zamanlarda çykýan wiruslar köplenç özüni has erbet bildirýärdi: kompýuteri işlemez ýaly edýärdiler ýa-da mydama bir habar çykaryp durýardylar (meselem: file.exe). Olary ýönekeý höwesjeňler we öwrenjeler ýazýardylar. Şu wagtky çykýan wiruslary köplenç professionallar ýazýarlar, olar özüni kän bildirenoklar, maglumat ogurlaýarlar ýa-da başga keseki adama öz kompýutere control etmäge ýol berýäler (malware).
Ÿöne käbir wiruslar has howply bolup, olar kompÿuteriň işleÿşini haÿalladÿarlar, işläp duran programmalaryň öz-özünden ÿapylmagyna, görüp oturan filmleriň öçmegine getirÿär. Hat-da kompýuteriň sistemasyny bozup, ony çalt doňduryp bilÿär. Antiwirus kompaniýalarynyň özleri gizlinlikde wiruslaryň köpüsini döredýärler diýen pikir bar.
Arassa antiwirus programma aslynda diňe wiruslara garşy göreşýär. Firewall programmalar diňe “ogry” programmalara (malware) we hakerlere garşy göreşýär. Meşhur uly antiwirus programmalar üç bölege bölünýärler:
1. Hemişelik barlaýjy – kompýuteriň açýan we işleýän faýllarynyň ählisini barlap durýar.
2. INTERNET barlaýjy – web-saýtlary we email barlaýar.
3. SKANER – diňe kompýuteriň görkezilen ýerini (diski, USB) barlaýar, soň öçýär.
Antiwirus programmalaryň aralarynda uly tapawut ýok. Iň möhüm zat – olar täzelenen (soňky “obnowleniýe” – UPDATE) bolmaly. Köne “obnowleniýesi” bolan antiwirus täze çykan wiruslary tutmaýar. Eger kompýuter Internete çatylmadyk bolsa, tanyşlardan täze antiwirus bazasyny alyp, antiwirusy 3-4 aýda bir gezek täzeleseň ýeterlikdir.
Käbir antiwiruslar kompýuteriň ähli zadyny barlaýarlar, emma “agyr” işleýäler, prosessoryň güýjüni köp alýarlar. Meselem: Kasperskiy, Norton, Avast. Öýde ýeňil we çalt işleýän antiwiruslary ulanmak amatly: Dr. Web, NOD, 360 Security. Internetden mugt we oňat hilli antiwiruslary alyp bolýar: AVG, ESET, Avira. Mundan başga-da ähli antiwiruslaryň kiçeldilen SKANER görnüşini mugt alyp bolýar. SKANER täzelenip bilmeýär, şonuň üçin ol wagtyň geçmegi bilen könelýär. Köp ökde kompýuterçiler antiwirusy asla ulananoklar, ýa-da ony öçürip goýýarlar. Uly Antiwiruslar kompýuteriň tizligini gowşadýar, şonuň üçin ony diňe başga ýerden gümana disk açaňda ýa-da Internete gireňde açmak amatly. Kompýuteriň özüni bolsa hepdede bir-iki gezek SKANER bilen barlatmak ýeterlikdir.
Kurbangeldi HANDURDYÝEW,
TOHI-niň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.